Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 10:4 - Mukaddes Kitap

4 Ýesirleriň arasynda dyza çökmekden, Jesetlere büdräp ýykylmakdan gaýry çäräňiz bolmaz siziň. Barybir sönmändi Rebbiň gazaby, jeza bermäge taýyndyr henizem Onuň eli.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Есирлериң арасында дыза чөкмекден, Җесетлере бүдрәп йыкылмакдан гайры чәрәңиз болмаз сизиң. Барыбир сөнмәнди Реббиң газабы, җеза бермәге тайындыр хенизем Онуң эли.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 10:4
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, şowhun-şagalaňly, goh-galmagally, şadyýan şäher! Öldürilenleriň gylyçdan ölmedi, söweşde-de ölmedi.


Ýerzemine tussag kimin toplanarlar, zyndana gabalarlar, birnäçe günden soň jezalandyrylarlar.


Ölüleri daşary taşlanar, maslyklarynyň ysy ýaýrar, daglardan olaryň gany akar.


Munuň üçin Rebbiň gazaby Öz halkyna garşy lowlaýar, elini olara garşy uzadyp, jeza berýär; daglar titreşýär, maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr, Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi, eli entek hem jeza bermäge taýyn.


Reb bütin adamzada otdur gylyjy bilen höküm eder, Rebbiň öldürenleri köp bolar.


Muňa görä Reb Resiniň ýagylaryna onuň garşysyna çykmaga güýç berdi, duşmanlaryny aýaga galdyrdy olaryň,


gündogardan siriýalylary, piliştlileri günbatardan. Olar Ysraýyly ýuwudarlar, agyzlaryny açarlar-da. Ýöne Rebbiň gazaby sönmändi şonda-da, eli entek-de jeza bermäge taýyn.


Ýol görkezýänler bu halky azaşdyrýarlar, olara eýerenler bolsa betbagtçylyga uçraýarlar.


Munuň üçin Reb olaryň ýaşlaryna guwanmaz, rehim etmez ýetimine, dul hatynyna, çünki her kes hudaýsyz hem pis, hemmäniň agzyndan akmak söz çykýar. Bulara garamazdan, Rebbiň gazaby sönmändi, eli şindi jeza bermäge taýyn.


Halk onda-munda tapanyny iýer, ýöne şonda-da doýmaz, aç bolar, her kes öz garyndaşynyň etini iýer.


Efraýym bilen Manaşa biri-birini ýuwudarlar, bilelikde Ýahuda hüjüm ederler, sönmändi Rebbiň gazaby barybir, entek hem jeza bermäge taýyn eli.


Olar senden: „Biz nirä gideli?“ diýip sorasalar, sen olara Reb şeýle diýýär diý: „Gyrgyna höküm edilenleri gyrgyna, gylyja höküm edilenleri gylyja, açlyga höküm edilenleri açlyga, sürgüne höküm edilenleri sürgüne ibererin“».


Özüňize garşy söweşýän babyllylaryň tutuş goşunyny derbi-dagyn etseňiz-de, aralarynda diňe ýaraly adamlar galsa-da, olar ýene öz çadyrlarynda aýaga galyp, bu şäheri ýakarlar“».


Munuň üçin jul geýniň, zarynlap aglaň. Çünki Rebbiň gahar-gazaby bizden sowulmady».


Çagalaryny ýetişdirse-de, balalaryny ellerinden alaryn. Men olary terk edenimde, olaryň dat gününe!


Men sizden ýüz öwrerin, duşmanlaryňyz sizden üstün çykarlar, ýagylaryňyz üstüňizden höküm sürerler. Siz yzyňyzda kowgy bolmasa-da, dowla düşüp gaçarsyňyz.


Ysraýyly Gaýasy satmadyk bolsa, Reb olary ele bermedik bolsa, nädip bir duşman olaň müňüsini kowar, iki kişi on müňüsini gaçyrar?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ