Hyzmatkärleriň üsti bilen Taňryny masgaralap, şeýle diýdiň: ‘Birtopar söweş arabalarym bilen daglaryň üstüne çykdym, Liwanyň jümmüşine bardym, onuň iň uzyn kedr agaçlaryny, gözel serwi agaçlaryny çapdym. Men onuň iň beýik depesine, gür jeňňeline baryp ýetdim.
Indi Mowaba öwgi aýdylmaz; Heşbonda oňa garşy dildüwşük gurdular: „Geliň, millet bolmaz ýaly, ony ýok edeliň“ diýdiler. Eý, Madmen, seniň sesiň gapylar, gylyç seni kowalar.
Reb halkyna şeýle diýýär: «Aşurlar köp we güýçli bolsalar-da, gyrlyp, ýok bolup giderler. Eý, Ýahuda, size ejir çekdirenem bolsam, mundan artyk ejir çekdirmerin.
emma jebir çeken size biziň bilen bile rahatlyk berer. Bu zatlar Reb Isa Öz perişdeleri bilen ot-ýalyn içinde gökden peýda bolan mahaly bolar. Rebbimiz Isa Hudaýy tanamaýanlary we Özi baradaky Hoş Habara gulak asmadyklary jezalandyrar.
Onsoň men gökden aşak inip gelýän başga bir güýçli perişdäni gördüm. Ol buluda bürenipdi, onuň başynyň ýokarsynda älemgoşar şugla saçýardy. Perişdäniň ýüzi gün ýaly şöhle saçýardy, aýaklary bolsa ot sütünleri ýalydy.
Soňra bir güýçli perişde äpet degirmen daşy ýaly daşy galdyryp, ony deňze zyňyp, şeýle diýdi: «Beýik Babyl şäheri, ine, şeýle güýç bilen zyňlar! Ol indi asla tapylmaz!