Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 10:32 - Mukaddes Kitap

32 Bu gün duşmanlar Nopda galarlar, Sion gyzynyň dagyna, Iýerusalimiň depesine ýumruk çenär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Бу гүн душманлар Нопда галарлар, Сион гызының дагына, Иерусалимиң депесине юмрук ченәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 10:32
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hizkiýanyň eden wepaly işlerinden soň, Aşur patyşasy Sanherip gelip, Ýahuda çozuş edip, galalaryň garşysynda düşelge gurup, olary ele almagy ýüregine düwdi.


Hizkiýa Sanheribiň gelip, Iýerusalime garşy uruş etmekçi bolýandygyny görende, şäheriň daşyndaky çeşmeleriň suwuny bentlemek barada öz baştutanlary we batyr ýigitleri bilen maslahatlaşdy. Olar Hizkiýa ýardam etdiler.


Sion gyzy üzümlikdäki çadyr kimin, hyýar atyzyndaky çatma kimin, daşy gabalan şäher kimin bolup galar.


Şonuň üçin Gudratygüýçli-Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eý, Meniň Sionda ýaşaýan halkym! Müsürliler kimin size garşy hasasyny galdyryp, taýak bilen uranda, siz aşurlylardan gorkmaň.


Madmena gaçyp gidýär, Gebimiň ilaty pena agtarýar.


Müsür deňziniň aýlagyny bütinleý guradar Reb, güýçli ýeli bilen elini Ýewfrat derýasyna galgadar, ýedi çeşmä böler ony, çarykly geçerler adamlar ondan.


Ýalaňaç dagyň üstünde baýdak dikiň, söweşijilere gygyryň sesiňiz ýetdiginden, begleriň derwezelerinden girer ýaly, olara el bulaň.


Sähra ýoly bilen Seladan Sion gyzynyň dagyna, ýurduň hökümdarlaryna guzulary ýollaň.


Şol gün müsürliler aýal ýaly bolup, Hökmürowan Rebbiň özlerine garşy el galdyrar gorkusyndan ýaňa titreşerler.


Ahyrky günlerde şeýle bolýar: Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, ähli milletler oňa tarap eňerler.


Ariýele azap çekdirerin, ýas tutar, perýat eder ol, Meniň üçin gurbanlyk ojagy kimin bolar.


Rebbiň ol barada aýdan sözleri şudur: Sion boý gyzy ýigrenç bilen seni kemsidýär, Iýerusalim gyzy seniň üstüňden gülýär.


Ol joşup, Ýahuda geçer we ony-da basar; ýurduň bogazyna ýeter. Ýaýylan ganatlarynyň gerimi ýurduň ähli çäklerine ýeter, eý, Imanuwel».


Olar ýaýdyr naýza bilen ýaraglanan, özleri-de rehimsiz hem zalymdyrlar. Sesleri deňiz ýaly güwwüldeýär. Eý, Sion gyzy! Olar atlara atlanyp, bir adam ýaly söweşe taýýarlanyp, seniň garşyňa nyzama durdular».


Samariýanyň ýarasyna em ýok. Ol Ýahuda gelip ýetdi. Halkymyň derwezesine, Iýerusalime baryp ýetdi.


Indi Men olaryň garşysyna el göterjek; olary öz gullary talaňa salar». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.


Dawut Ahymelek ruhanynyň ýanyna Nop galasyna geldi. Ahymelek gorkudan ýaňa sandyr-sandyr edip, Dawudy garşylamaga çykdy. Ol Dawuda: «Näme üçin ýeke özüň geldiň? Näme üçin ýanyňda hiç kim ýok?» diýip sorady.


Dawut Ahymelege: «Patyşa maňa bir ýumuş tabşyrdy. Ol: „Senden iberen bu ýumşum hakda hiç kim hiç zat bilmeli däldir“ diýdi. Şoňa görä, öz ýigitlerim bilen hem duşuşar ýaly ýer belleşdik.


Şawul ruhanylaryň galasy bolan Nop galasyny gylyçdan geçirdi, ol erkekdir aýallary, çaga-çugalary, mal-garalary, eşekleri, dowarlary – hemmesini gylyçdan geçirdi.


Şol wagty Şawulyň nökerleriniň gapdalynda duran edomly Döweg: «Ýyşaýyň oglunyň Nop galasyndaky Ahytubyň ogly Ahymelegiň ýanyna gelenini gördüm.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ