Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 10:26 - Mukaddes Kitap

26 Orep gaýasynda midýanlary weýran edişi kimin, Hökmürowan Reb olara garşy gamçy galdyrar. Hasasyny Müsürde ýokary galdyryşy kimin deňziň üstüne uzadar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Ореп гаясында мидянлары вейран эдиши кимин, Хөкмүрован Реб олара гаршы гамчы галдырар. Хасасыны Мүсүрде ёкары галдырышы кимин деңзиң үстүне узадар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 10:26
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Edil şol gije Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan turup görseler, ol ýeri jesetden doly eken!


Çünki Seniň howlularyňda geçen ýeke gün başga ýerde geçen müň günden ýagşy. Erbetleriň çadyrlarynda men ýaşanymdan, Hudaýymyň öýüniň bosagasynda duranym ýagşy.


Sen eliňdäki hasaňy uzat-da, deňziň suwuna ur. Deňziň suwy ikä bölüner we ysraýyllar şol gury ýer bilen ýöräp, deňizden geçerler.


Şonuň üçin Gudratygüýçli-Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eý, Meniň Sionda ýaşaýan halkym! Müsürliler kimin size garşy hasasyny galdyryp, taýak bilen uranda, siz aşurlylardan gorkmaň.


Ysraýyllaryň Müsürden çykan güni Ysraýyla edişi ýaly, Rebbiň Aşurda aman galan halky üçin uly ýol açylar.


Reb haýbatly sesini eşitdirer, lowlaýan gazap bilen, ýalmaýan ot ýalny bilen, bulutlaryň partlamasy bilen, tupan hem doly bilen golunyň gudratyny görkezer.


Rebbiň sesinden Aşur wehim eder, Ol hasasy bilen Aşury urar.


Rebbiň olaryň üstünden inderýän jeza hasasynyň her zarbasy depreklerdir liralar bilen amala aşyrylar; Reb gazaply söweşler bilen garşysyna çykar onuň.


Milleti köpeltdiň Sen, artdyrdyň olaryň şatlygyn, hasylda şatlanyşlary deý, Seniň öňüňde guwanýarlar, olja paýlaşýan deý galkynyşýarlar.


Olaryň agyr boýuntyrygyny, gerişlerindäki serdessesini, sütemkeşleriniň hasasyny döwdüň midýanlaryň başyna getiren günüň dek.


Milletler Saňa gaharlandylar. Indi Sen hem gazaba mündüň. Indi ölülere kazylyk etmegiň wagty geldi. Seniň gullaryň bolan pygamberleri, Öz halkyňy we Senden gorkýan uly-kiçi baryny sylaglamagyň wagty geldi. Ýeri harabalyga öwrenleri heläk etmegiň wagty geldi».


Milletleri urmak üçin, Onuň agzyndan kesgir bir gylyç çykyp durdy. Ol olary demir hasasy bilen dolandyrar. Ol şerap sykylýan çukurda Hökmürowan Hudaýyň gazaply gaharynyň şerabyny sykýar.


Midýanlaryň iki baştutanyny: Orebi we Zeýebi ele saldylar. Orebi Orep gaýasynda, Zeýebi bolsa üzüm sykylýan ýerde öldürdiler (soňra ol ýer Zeýep diýlip atlandyrylypdyr). Efraýymlar midýanlaryň yzyndan kowdular. Orep bilen Zeýebiň kellesini kesip, Iordanyň gündogarynda bolýan Gidegona eltip berdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ