Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 10:24 - Mukaddes Kitap

24 Şonuň üçin Gudratygüýçli-Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eý, Meniň Sionda ýaşaýan halkym! Müsürliler kimin size garşy hasasyny galdyryp, taýak bilen uranda, siz aşurlylardan gorkmaň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Шонуң үчин Гудратыгүйчли-Хөкмүрован Реб шейле диййәр: «Эй, Мениң Сионда яшаян халкым! Мүсүрлилер кимин сизе гаршы хасасыны галдырып, таяк билен уранда, сиз ашурлылардан горкмаң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 10:24
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Işaýa pygamber olara şeýle diýdi: «Jenabyňyza aýdyň, Reb şeýle diýýär: „Aşur patyşasynyň hyzmatkärleriniň Meni kemsidip aýdan sözlerini eşideniň üçin olardan gorkma.


Faraonyň ähli söweş arabalary, olaryň üstündäki esgerleri bilen birlikde tutuş pyýada goşun bolup, müsürliler olaryň yzyndan kowdular. Olar deňziň kenarynda, Bagalseponyň golaýyndaky Pihahyrotda düşlän ysraýyllaryň yzyndan kowup, olara golaý geldiler.


Faraonyň gul eýeleri tarapyndan bellenen ysraýyllaryň baş gözegçileri urulýardylar we olardan: «Näme üçin siz bu gün guýmaly kerpiç paýyňyzy öňkiňiz ýaly doly ýerine ýetirmeýärsiňiz?» diýip hasabat soralýardylar.


Dat günüňe, Aşur! Ol gaharymyň hasasydyr! Elindäki taýagydyr gazabym!


Elbetde, Hudaý Halasgärimdir, Oňa bil baglaryn, gorkmaryn men, çünki Reb ýeke-täk güýjümdir, aýdymymdyr, Ol meniň Halasgärim boldy».


Eý, Sion halky, heşelle kak, gygyr! Araňyzdaky Ysraýylyň Mukaddesi beýikdir!»


«Özüňizi uran taýak döwüldi diýip şatlanmaň, eý, piliştliler! Ýylan tohumyndan kepjebaş dörär, onuň miwesi-de uçýan mähnet ýylan bolar.


Reb ysraýyllary jezalandyranlaryň jezalandyryşy kimin jezalandyrdymy? ýa-da ysraýyllary öldürenleriň öldürişi kimin öldürdimi?


Eý, Sionyň–Iýerusalimiň halky, aglamarsyňyz indi siz! Perýat edeniňizde, size merhemet eder Ol, ony eşideninde, size jogap berer.


Rebbiň olaryň üstünden inderýän jeza hasasynyň her zarbasy depreklerdir liralar bilen amala aşyrylar; Reb gazaply söweşler bilen garşysyna çykar onuň.


Towşanýüreklilere: «Gaýrata galyň! Gorkmaň! Ine, Hudaýyňyz öç almaga gelýär, Ol mynasyp hak bilen gelip, sizi halas eder» diýiň.


Rebbiň ol barada aýdan sözleri şudur: Sion boý gyzy ýigrenç bilen seni kemsidýär, Iýerusalim gyzy seniň üstüňden gülýär.


Işaýa pygamber olara şeýle diýdi: «Jenabyňyza aýdyň, Reb şeýle diýýär: „Aşur patyşasynyň hyzmatkärleriniň Meni kemsidip aýdan sözlerini eşideniň üçin olardan gorkma.


Sionda galanlara – Iýerusalimde aman galanlara, Iýerusalimde ady durmuş kitabyna ýazylanlara, «Mukaddes» diýler.


Men halas etmek üçin ýakyn gelýärin, uzakda däldirin, uzak eglemerin halas edişimi, Siony halas ederin, Ysraýyla şöhratymy bererin.


Sizi ýaradan, gökleri ýaýradan, ýeriň düýbüni tutan Rebbi unutdyňyz. Sizi ýok etmek niýetinde bolan zulumkäriň gazabyndan uzakly gün gorkýarsyňyz. Hany, zulumkäriň gazaby nirede?


Sionda ýas tutýanlaryň aladasyny etmäge: külüň deregine owadan başatgyjyny, ýasyň deregine şatlyk ýagyny, gamgyn ruhuň deregine alkyş donuny bermäge iberdi meni. Rebbiň şöhratyny görkezmek üçin ekilen dogrulyk dub agaçlary diýler olara.


„Gulak goý, rahatlan, gorkma. Bu tüsseläp duran iki otly kesindiden, Siriýa şasy Resiniň we Remalýanyň oglunyň lowlaýan gazabyndan heder etme.


Olaryň agyr boýuntyrygyny, gerişlerindäki serdessesini, sütemkeşleriniň hasasyny döwdüň midýanlaryň başyna getiren günüň dek.


Ol halkyna parahatçylyk getirer. Aşurlylar ýurdumyza gelip, köşgümizi basgylasalar, biz ýedi çopany, sekiz serdary olaryň garşysyna ibereris.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ