Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 10:2 - Mukaddes Kitap

2 Ejizleriň hakyny iýýärsiňiz, ýoksullary adalatdan mahrum edýärsiňiz, dul hatynlary awlaýarsyňyz, ýetimler oljaňyz bolýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Эҗизлериң хакыны иййәрсиңиз, ёксуллары адалатдан махрум эдйәрсиңиз, дул хатынлары авлаярсыңыз, етимлер олҗаңыз боляр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 10:2
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Garyplary isläninden mahrum eden bolsam, dul hatyny umytdan düşüren bolsam,


Geliň, sežde edip, tagzym edeli, bizi ýaradan Rebbiň öňünde dyza çökeli.


Garyby garyplygy sebäpli talama, mätäji mejlisde ezme.


Şeýle adamlar bar, ýer ýüzünden garyplary, adamlar arasyndaky mätäçleri symyşlamak üçin dişleri gylyç, azylary pyçakdyr.


Ýagşylyk etmegi öwreniň, adalaty agtaryň, ezýet çekýäni halas ediň, ýetimi goraň, dul hatyna arka duruň».


Hökümdarlaryň pitneçä öwrüldiler, ogrulara şärikdir olar, ählisi para ýatdy, peşgeşleriň yzynda hallan atýarlar. Ýetimiň hukugyny goramaýarlar, dul hatynyň dawasyna garamaýarlar.


Olar ynsana töhmet atýarlar, kaza duzak gurýarlar, şäher derwezesinde. Haklyny adalatdan nähak mahrum edýärler.


Reb halkynyň ýaşululary, hökümdarlary bilen höküme girişýär: «Üzümçiligi weýran eden sizsiňiz, öýleriňiz garypdan talan oljaňyzdan doly.


Halkymy ezip, garyplary ýere çalmaga näme hakyňyz bar?» Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Akmak biedeplik bilen gepleýär, onuň niýeti pislik etmekdir, işi ýamanlyk etmek, Rebbe dil ýetirmek, açlary aç, suwsuzlary suwsuz goýmakdyr.


para üçin günäkäri aklaýanlaryň, dogryny hakyndan mahrum edýänleriň dat gününe!


Hökmürowan Rebbiň üzümçiligi Ysraýylyň nesilleridir, hoş görýän bagy-da, ýahuda halkydyr. Ol adalata garaşdy, ýöne zulum gördi; dogrulyga garaşdy, ýöne dady-perýat eşitdi.


Hakykat ýok, ýamanlykdan gaça durýan talanýar, Reb muny gördi, adalatyň ýokdugyna gynandy.


gelmişege, ýetim bilen dul hatyna zulum etmeseňiz, bu ýerde nähak gan dökmeseňiz, özüňize zyýan ýetirýän başga hudaýlaryň yzyna düşmeseňiz,


Beýik Hudaýyň huzurynda ynsan hukuklary kemsidilende,


Olar ata-enäni kemsitdiler, seniň içiňde gelmişege sütem etdiler, dul hatyna we ýetime zulum etdiler.


Reb şeýle diýýär: «Men Ysraýyly günä üstüne günä edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar dogruçyly kümşe, mätäji bir jübüt çaryga satýarlar.


Pukaralaryň başyny toprak astynda depgiläp, ezilenleri ýoldan itekläp aýyrýarlar. Ogly-da, atasy-da bir aýalyňka gidip, mukaddes adymy harlaýarlar.


Ol gün bir kişiniň arslandan gaçyp, aýa duş gelşi kimindir. Öýüne gelip, elini diwara söýände, ony ýylanyň çakyşy kimindir.


Men-Mika diýdim: «Gulak goý, eý, Ýakup nesliniň baştutanlary, Ysraýyl halkynyň hökümdarlary! Adalaty bilmeli siz dälmi näme?


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn.


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz Gögüň Şalygyna girmäge adamlaryň öňüni baglaýarsyňyz, oňa ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjeklere ýol berýärsiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ