Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 10:16 - Mukaddes Kitap

16 Munuň üçin Hökmürowan Taňry Reb, Aşuryň semizlerine horluk ýollar, Onuň şöhratynyň astynda ot ýalyny tutaşar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Мунуң үчин Хөкмүрован Таңры Реб, Ашурың семизлерине хорлук ёллар, Онуң шөхратының астында от ялыны туташар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 10:16
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb bir perişde ýollap, Aşur patyşasynyň düşelgesinde ähli batyr ýigitleri, serkerdeleri we baştutanlary öldürdi. Şeýdip, Sanherip biabraýlyk bilen öz ýurduna dolanyp geldi. Ol öz hudaýynyň buthanasyna gelende, onuň özünden önen ogullarynyň käbiri Sanheribi gylyç bilen öldürdiler.


Rebbiň sadyk söýgüsi üçin, adamzada edýän ajaýyp işleri üçin, goý, olar Oňa şükürler etsin.


Gözel tokaýlarydyr, mes toprakly ýerlerini bütinleý ýok eder Reb, heläk bolar agyr derde ýolugan adam deý.


Şol gün Ýakubyň şöhraty öçer, semiz göwresi horlanar.


Ýa Reb, el galdyrdyň, emma ony görmediler. Halkyňa bolan yhlasyňy görüp, utansynlar olar. Duşmanlaryňa niýetlenen ot, goý, olary ýuwutsyn.


Gorkudan ýaňa ýykylar olaryň gaýasy, serkerdeleri baýdagy görüp titreşerler». Muny ody Sionda, ojagy Iýerusalimde bolan Reb aýdýandyr.


Meniň garşyma dyzanlygyň, gopbamsylygyň gulagyma gelip ýetendigi üçin, burunlygymy burnuňa, agyzzyrygymy-da agzyňa dakyp, seni gelen ýoluň bilen yzyňa ugradaryn Men“».


Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan turup görseler, ol ýeri jesetden doly eken!


Goýunlar öz örülerindäki ýaly otlarlar, owlak-guzular harabalyklaryň arasynda otlarlar.


Şonuň üçin Reb Ýewfrat derýasynyň güýçli sil suwlaryny, Aşur patyşasyny we onuň şöhratyny bu halkyň üstüne getirer. Ol onuň ähli jarlaryndan aşyp, bütin kenarlaryna dolar.


Olaryň agyr boýuntyrygyny, gerişlerindäki serdessesini, sütemkeşleriniň hasasyny döwdüň midýanlaryň başyna getiren günüň dek.


Söweşdäki esgerleriň ädikleri, ähli gana bulaşan eşikleri, oda taşlanyp ýakylar.


Men sizi eden işleriňize görä jezalandyraryn, tokaýyňyza ot bererin, ot töweregiňizdäki zatlary ýakyp ýandyrar“». Muny Reb aýdýandyr.


Siz nädip: „Biz edermen hem güýçli urşujydyrys“ diýip bilýärsiňiz?


Ýiteni agtararyn, azaşany yzyna getirerin, ýaralynyň ýarasyny daňaryn we ejizi kuwwatlandyryp, semizi, güýçlini heläk ederin; olary adalatlylyk bilen bakaryn».


Reb halkyna şeýle diýýär: «Aşurlar köp we güýçli bolsalar-da, gyrlyp, ýok bolup giderler. Eý, Ýahuda, size ejir çekdirenem bolsam, mundan artyk ejir çekdirmerin.


Reb demirgazyga garşy el galdyrar, Aşury ýok eder, Ninewäni harabalyga, çöl deýin ýalazy meýdana öwrer.


Şonda Hökmürowan Reb maňa şeýle diýdi:


Şobada Rebbiň bir perişdesi Hirodesi jezalandyrdy, sebäbi ol Hudaýy şöhratlandyrmandy. Şeýdip, onuň endam-jany gurtlap öldi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ