Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 10:13 - Mukaddes Kitap

13 Çünki Aşur patyşasy şeýle diýýär: «Muny öz elimiň güýji bilen, öz paýhasym bilen gazandym, men paýhaslydyryn. Milletleriň serhetlerini aýyrdym, olaryň hazynalaryny taladym, tagtyndan agdardym güýçli şalary.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Чүнки Ашур патышасы шейле диййәр: «Муны өз элимиң гүйҗи билен, өз пайхасым билен газандым, мен пайхаслыдырын. Миллетлериң серхетлерини айырдым, оларың хазыналарыны таладым, тагтындан агдардым гүйчли шалары.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 10:13
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ysraýyl patyşasy Pekanyň döwründe Aşur patyşasy Tiglatpileser gelip, Yýony, Abelbeýtmagakany, Ýanowany, Kedeşi, Hasory, Gilgady, Jeliläni we tutuş Naftaly ýurduny basyp alyp, olaryň halklaryny Aşura ýesir edip äkitdi.


Ahaz Rebbiň öýündäki we patyşanyň öýündäki hazynalarynda bar bolan altyndyr kümşi alyp, sowgat hökmünde Aşur patyşasyna iberdi.


Aşur patyşasy Babyldan, Kutdan, Awadan, Hamatdan we Separwaýymdan adamlary getirip, olary ysraýyllaryň ýerine Samariýanyň galalarynda ýerleşdirdi. Olar Samariýany eýeläp, onuň galalarynda mesgen tutdular.


Hoşeýanyň şalygynyň dokuzynjy ýylynda Aşur patyşasy Samariýany basyp alyp, ysraýyllary Aşura ýesir edip äkitdi we olary Halada, Habor derýasynyň ýakasyndaky Gozanda we Madaý galalarynda ýerleşdirdi.


Aşur patyşasy ysraýyllary Aşura ýesir edip äkitdi we olary Halada, Gozandaky Habor derýasynyň ýakasynda we Madaý galalarynda ýerleşdirdi.


Hizkiýa Rebbiň öýündäki we patyşanyň öýündäki hazynalardan tapylan kümşüň baryny alyp, Aşur patyşasyna berdi.


Soňra men gelip, sizi öz ýurduňyza meňzeş bir ýurda alyp bararyn. Ol ýer bugdaý, şerap, çörek, üzümlik, zeýtun ýagy we bal mekanydyr. Şeýdip, siz ölmän, aman galarsyňyz. Hizkiýanyň: ‘Reb bizi halas eder’ diýip, aldamakçy bolýan sözlerine gulak asmaň.


Şoňa görä Ysraýyl Hudaýy Aşuryň patyşasy Pulyň ruhuny oýardy. Bu patyşanyň beýleki ady Tiglatpileserdi. Ol rubenleri, gatlary, gündogardaky manaşa tiresini ýesir edip, olary Hala, Habora, Hara hem-de Gozan derýasyna getirdi. Olar şu güne çenli hem şol ýerdedir.


Baý öz gözüne akyllydyr, düşünjeli garyp bolsa ony synlap tanaýandyr.


Ol şeýle diýýär: «Leşgerbaşylarymyň ählisi patyşa dälmi näme?


Özlerini paýhasly, düşünjeli saýýanlaryň dat gününe!


Ol Müsürdir, Nil deý joşup, suwlar kimin çaýkanýan. Ol diýdi: «Men beýgelip, ýer ýüzüni gaplaryn, şäherleri ilaty bilen birlikde ýok ederin».


Siz nädip: „Biz edermen hem güýçli urşujydyrys“ diýip bilýärsiňiz?


Hökmürowan Rebbiň sözüni eşidiň! Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Meniň mukaddes öýümi harlanlarynda, Ysraýyl ýurduny weýran edenlerinde we ýahuda halkyny sürgün edenlerinde, siz olar barada: ‘Pah-pah! Ne ajap!’ diýşip begendiňiz.


«Eý, ynsan ogly! Sur galasy Iýerusalim hakda: „Baý-baý-ow, halklaryň gapysy bolan şäher ýykyldy, derwezeleri meniň üçin açyldy. Ol weýran boldy, indi men baýlykdan dolaryn“ diýdi».


Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Müsür patyşasy faraon! Sen derýalar boýunda ýatan äpet aždarha kimin: ‘Nil meniňkidir, ony özüm üçin ýaratdym’ diýýäň! Men saňa garşydyryn.


Sen diliň bilen Maňa garşy gedemlik etdiň, Meniň garşyma biderek ýaňradyň, Men muny eşitdim».


Patyşa: «Bu patyşa paýtagty bolsun diýip, şan-şöhratym üçin öz gudratly güýjüm bilen guran beýik Babylym dälmi?» diýdi.


Nebukadnesaryň garşysyna çykarylan bu höküm şol wagtyň özünde amala aşdy. Ol ynsanlar arasyndan kowuldy, öküzler ýaly ot iýdi, onuň endamy gögüň çygy bilen ýuwuldy. Saçy bürgüdiň ýelegi ýaly, dyrnaklary guşlaryň penjesi ýaly ösdi.


Munuň üçin sizi Damaskyň aňyrsyna sürgün ederin. Muny Reb aýdýandyr. Onuň ady Hökmürowan Hudaýdyr.


Siz Lodebarda puç zada şatlanyp: „Karnaýymy öz güýjümiz bilen basyp almadykmy näme?“ diýýärsiňiz.


Olar ýel kimin geçip gidýärler. Bu günäli adamlaryň hudaýy – öz güýçleri».


Olar hudaýlary hökmünde toruna gurbanlyk berýärler, toruň hatyrasyna ýakymly ysly tütetgi ýakýarlar, çünki tory olary lezzetli durmuş, bol saçak bilen üpjün edýär.


Ýesirler olary ýaňsylap diýýärler: «Ogurlanan zatlary toplaýanyň dat gününe! Haçana çenli agyr girewleri öz üstüňe aljak?»


Siz öz-özüňize: „Men öz güýjüm bilen ýa-da öz golumyň gudraty bilen bu baýlygy topladym“ diýmäň.


Reb Gidegona: «Seniň ýanyňdaky goşun Meniň midýanlary siziň eliňize bererimden juda köp. Ýogsam, ysraýyllar: „Öz güýjümiz bilen halas bolduk“ diýşip, Meniň öňümde öwnerler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ