Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 10:12 - Mukaddes Kitap

12 Reb Sion dagynda we Iýerusalimde ähli işini gutaranda şeýle diýer: «Aşur patyşasyny tekepbir ýüregine, gedem bakyşyna görä jezalandyraryn».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Реб Сион дагында ве Иерусалимде әхли ишини гутаранда шейле диер: «Ашур патышасыны текепбир йүрегине, гедем бакышына гөрә җезаландырарын».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 10:12
44 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Aman galanlar Iýerusalimden, halas bolanlar Sion dagyndan çykyp gelerler. Bu Rebbiň yhlasy bilen amala aşar“».


Emma Sensiň ýatgydan meni çykaran, enem gujagyndakam maňa rahatlyk beren.


Hudaý merhemet etmegi unudaýdymy? Gaharynda rehim-şepagatyny bes edäýdimi? Sela


Sen meniň gözlerimi ukudan goýduň, ynjalykdan gaçyp, gürläp bilmeýärin.


Ulumsy nazar, tekepbir ýürek, erbetleriň çyrasy günädir.


Adamlar bar, bakyşy şeýle tekepbir, gabaklary nähili ýokary.


Halkyň gedem bakyşlary peseldiler, ynsan tekepbirligi egler, şol gün diňe Reb beýgeldiler.


Hökmürowan Rebbiň bir güni bar, şol gün ähli tekepbirleri, gedemleri, ähli beýgeldilenleri peselder,


Şol gün Reb gökde gök goşunlaryny, ýerde dünýäniň şalaryny jezalandyrar.


Reb ysraýyllary jezalandyranlaryň jezalandyryşy kimin jezalandyrdymy? ýa-da ysraýyllary öldürenleriň öldürişi kimin öldürdimi?


Şeýdip, Ýakubyň etmişi ötüler, günäsiniň ötülmeginiň doly miwesi şu bolar: Gurbanlyk sypalarynyň ähli daşlary hek daşlary deý owradylanda, ne Aşera butlary, ne-de tütetgi sypalary galar.


Muňa görä Men ýene bu halkyň arasynda gudratlar, gudrat üstüne gudrat görkezerin. Danalary danalykdan mahrum bolar, akyllylary akyldan aýrylar».


Özi weýran edilmän, weýran edýäniň, özüne dönüklik edilmän, dönüklik edýäniň dat gününe! Weýran edeniňden soň, özüňi-de weýran ederler; dönüklik etmegi bes edeniňde, saňa-da dönüklik ediler.


Sen kimi masgaralap, kime dil ýetirdiň? Kimiň garşysyna sesiňe bat berip, kime ulumsylyk bilen gabak galdyrdyň? Ysraýylyň Mukaddesine!


Meniň garşyma dyzanlygyň, gopbamsylygyň gulagyma gelip ýetendigi üçin, burunlygymy burnuňa, agyzzyrygymy-da agzyňa dakyp, seni gelen ýoluň bilen yzyňa ugradaryn Men“».


Ynsan peseldiler, her kes kiçeldiler, tekepbir bakyşlar peseldiler.


Emma ot ýakyp, alawly oklar guşanan siziň hemmäňiz öz oduňyzyň yşygynda, ýakan alawly oklaryňyzyň arasynda geziň! Meniň elimden başyňyza geljek şudur: siz azap içinde ýatarsyňyz.


Siziň ýazyklaryňyzyň, daglarda ýakymly ysly tütetgi ýakyp, depelerde Meni äsgermezlik eden atalaryňyzyň ýazyklarynyň almytyny bererin. Öňki eden işlerini ölçäp, olary başlaryna getirerin» diýýär Reb.


Bütin halk, Efraýymyň, Samariýanyň ilatlary muny bilerler. Olar tekepbirlik, ýürek buýsanjy bilen şeýle diýýärler:


Ine, Men Öz adym dakylan şäheriň üstünden betbagtlyk indermäge başlaýaryn. Siz jezasyz galarys öýdýärsiňizmi? Jezasyz galmarsyňyz, çünki Men ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsanyň üstünden gylyç indererin“. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Munuň üçin Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men Aşur patyşasyny jezalandyryşym ýaly, Babyl patyşasy bilen onuň ýurduny-da şeýle jezalandyraryn.


Tekepbir büdräp ýykylar, ony hiç kim galdyrmaz. Men onuň şäherlerini oda ýakaryn, daş-töweregindäki ähli zady ot ýakyp ýandyrar».


Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Onuň boýy ösüp, başy bulutlara ýetende, bu beýiklik onuň ýüreginde tekepbirlik döretdi.


Şeýlelikde, suwlaryň ýakasynda ýetişen hiç bir agaç boý alyp, belende çykmaz ýa-da başlary buluda ýetmez we bol suw içip ösen hiç bir agaç beýle belentlige ýetmez. Olaryň bary gabra inýän ähli ynsanlar bilen birlikde ölüler dünýäsine ýeriň teýine inderildiler».


Ol öz şalyk çadyrlaryny deňiz bilen owadan mukaddes dagyň arasynda diker. Emma onuň ömrüniň soňy geler, oňa kömek eden tapylmaz».


Emma Kitimden gämiler gelip, Aşur bilen Eberi gulçulykda ezerler, olaryň yzy hem müdimilik ýiter».


Oňat agaç ekiň, onuň miwesi-de oňat bolar, erbet agaç ekseňiz, erbet miwe alarsyňyz, sebäbi agaç miwesinden tanalýandyr.


Adamyň ýüreginden erbet pikirler, ganhorlyk, zynahorlyk, azgynlyk, ogurlyk, ýalan şaýatlyk, sögünç çykýandyr.


Emma duşmanyň öjükmeginden çekindim, çünki duşman ýalňyş düşünmesin, ‘Bulary eden Reb däl eken, biziň elimiz rüstem eken’ diýmesin.


Çünki hökümiň Hudaýyň maşgalasyndan başlanmaly wagty gelip ýetdi. Höküm öňürti bizden başlansa, onda Hudaýyň Hoş Habaryna tabyn bolmaýanlaryň soňy näme bolar?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ