Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 1:7 - Mukaddes Kitap

7 Ýurduňyz harabalyk, şäherleriňiz oda ýanan; kesekiler gözüňiziň alnynda ýurduňyzy ýalmaýarlar, ony haraba öwürýärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Юрдуңыз харабалык, шәхерлериңиз ода янан; кесекилер гөзүңизиң алнында юрдуңызы ялмаярлар, оны хараба өвүрйәрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 1:7
37 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonuň üçin hem Hudaýy Reb Ahazy Siriýa patyşasynyň eline berdi. Siriýa patyşasy Ahazdan üstün çykyp, onuň köp sanly adamlaryny ýesir alyp, olary Damaska getirdi. Ol Ysraýyl patyşasynyň hem eline berildi. Ysraýyl patyşasy Ahaza agyr zarba urdy.


Sion gyzy üzümlikdäki çadyr kimin, hyýar atyzyndaky çatma kimin, daşy gabalan şäher kimin bolup galar.


Iýerusalimiň büdreýändigi, Ýahudanyň ýykylýandygy üçin, Rebbiň şöhratly barlygyny äsgermän sözleriniň we edýän işleriniň Rebbe garşy bolandygy üçin şeýle bolar.


Edomyň çeşmeleri ergin şepbige topragy kükürde, ýurdy ýanyp duran şepbige öwrüler.


Ýeriň weýran edilip, çolaran bolsa-da, haraba dönen bolsa-da ýurduň, indi ýurt halkyňa darlyk eder, seni ýuwudyp-ýalmanlar senden uzaklaşarlar.


Goýunlar öz örülerindäki ýaly otlarlar, owlak-guzular harabalyklaryň arasynda otlarlar.


Hökmürowan Rebbiň şeýle diýenini eşitdim: «Beýik hem gözel jaýlar haraba öwrüler, içinde hiç kim galmaz.


Onsoň men: «Ýa Reb haçana çenli?» diýip soradym. Ol şeýle jogap berdi: «Şäherler weýran bolup, ilatsyz galýançalar, öýler adamsyz galyp, ýurt bütinleý haraba öwrülýänçä,


Terk edilip, ýigrenilip, üstüňden hiç kim geçmedi. Indi bolsa Men seni baky beýik, nesilden-nesle şatlyk ederin.


Reb Öz sag elinden, güýçli golundan ant içdi: «Indi gallaňy duşmanlaryňa iýmit hökmünde bermerin, öz zähmetiň siňen şerabyňy kesekiler içmezler.


Mukaddes şäherleriň çöl boldy, Sion düzlüge, Iýerusalim haraba öwrüldi.


Pislik ot kimin ýanýar, çalydyr tikenleri ýalmaýar ol, tokaýyň gür ýerlerini tutaşdyrýar, tüsse al-asmana galýar.


Söweşdäki esgerleriň ädikleri, ähli gana bulaşan eşikleri, oda taşlanyp ýakylar.


Arslanlar oňa garşy arladylar, seslerine bat berdiler. Ysraýyl ýurduny weýran etdiler, şäherlerini haraba öwürdiler, ol ýerde bir adam-da galmady.


Arslan süreninden çykdy, milletleri heläkleýji ýola düşdi. Ýurduňyzy weýran etmek üçin, Ol mekanyndan çykdy. Şäherleriňiz ýer bilen ýegsan bolup, ilatsyz haraba döner.


Munuň üçin gahar-gazabym dökülip, Ýahudanyň şäherlerinde, Iýerusalim köçelerinde lowlady; olar edil bu günküsi ýaly weýran we haraba bolup ýatyrlar.


Eý, Iýerusalim, akylyňa aýlan, ýogsam Men senden ýüz öwrerin. Seni harabaçylyga, ilatsyz bir ýurda öwrerin».


Ýurduň harabaçylyga öwrülendigi üçin, Ýahudanyň şäherlerinde, Iýerusalimiň köçelerinde şatlykdyr gülki sesini, ýigit bilen gelniň toý sesini keserin“».


Şonuň üçin, ine, Men sizi mülk hökmünde gündogar halklarynyň eline bererin. Olar düşelgelerini siziň araňyzda gurarlar, çadyrlaryny sizde dikerler, olar siziň miweleriňizi iýerler, süýdüňizi içerler.


Men derýalary guradaryn, ýurdy ýaramaz adamlara sataryn; ýurdy we onuň içindäkileriň baryny gelmişekleriň eli bilen weýran ederin. Muny Men-Reb aýtdym».


Onuň güýjüni özgeler iýýär. Parhyna barmady. Saçyna çal sepildi. Muny bilmeýär.


Olar ýel ekip, tupan orarlar. Sümmülsiz bugdaý un bermez. Hasyl beräýse-de, özgeler iýer.


Men sizi gelmişek milletleriň arasyna pytradyp, garşyňyza uruş turzaryn. Siziň ýurduňyz çolaryp, galalaryňyz haraba öwrüler.


Siz duşmanlaryňyzyň ýurdundakaňyz, haraba bolup ýatan boş ýer oňat dynç alar. Ýer näçe köp harabalykda ýatsa, ol şonça-da onuň hözirini görer.


Ýurduňyzyň şäherlerini weýran ederin, ähli galalaryňyzy haraba öwrerin.


Şonuň üçin Men size zarba urup, günäleriňiz sebäpli sizi weýran etdim.


Tanamaýan bir halkyňyz ýeriňiziň hasylyny iýip, çeken agyr zähmetiňiziň hözirini görer. Siz dyngysyz ezilip gynalarsyňyz.


Araňyzda ýaşaýan gelmişekler sizden has ýokary göteriler, siz bolsa kem-kemden pese düşersiňiz.


„Kükürt! Duz! Tutuş ýurt ýanýar! Hiç zat ekilmez, hiç zat gögermez, gaýdyp hiç hili ösümlik ösmez. Reb gazap atyna atlanyp, Sodom, Gomora, Adma we Seboýym galalaryny ýok edişi ýaly ýykyp-ýumurdy!“ diýerler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ