Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 1:6 - Mukaddes Kitap

6 Depäňizden dabanyňyza çenli sagat ýeriňiz ýok, gan öýmelerdir, ýaralar, gany akyp duran ýaralar. Olar arassalanmadyk, saralmadyk, ýag bilen ýumşadylmadyk.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Депәңизден дабаныңыза ченли сагат ериңиз ёк, ган өймелердир, яралар, ганы акып дуран яралар. Олар арассаланмадык, саралмадык, яг билен юмшадылмадык.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 1:6
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Görmegeýlikde Abşalom ýaly magtalýan adam tutuş Ysraýylda ýokdy. Depesinden dyrnagyna çenli onuň ýekeje-de kemi ýokdy.


Çünki ýaralaýan-da Ol, saraýan-da Ol, şikes ýetirýän-de Ol, şypa berýän-de Ol.


Men size tymsal aýdyp bereýin, gadymyýetiň syrlaryny beýan edeýin.


Rebbiň Öz halkynyň ýaralaryny sarap, Öz ýetiren şikesine şypa beren güni, Aýyň nury Günüň nury dek, Günüň nury ýedi Günüň nury dek, ýedi esse artyk bolar.


Ynsan ýüregi ähli zatdan hilegärdir, halys ýoldan çykandyr. Oňa kim düşünip biler?


Reb şeýle diýýär: «Seniň ýaraňy bejerip bolmaz, derdiň gutulgysyzdyr.


Näme ýaraň üçin perýat edýärsiň? Derdiňe şypa tapylmaz. Ýazygyňyň çökderdigi zerarly, günäleriňiň sansyzdygy sebäpli seni şu güne saldym.


Emma Men ol şähere ýene saglyk we şypa bererin, olary sagaldaryn, olara abadançylyk we parahatlyk eçilerin.


Sag-salamatlyk bolmasa hem „sag-salamatlyk, sag-salamatlyk“ diýip, halkymyň ýarasyny ýüzleý bejerdiler.


Çeşmeden suw nähili joşýan bolsa, bu şäherden-de pislik şeýle joşýandyr. Içinde eşidilýär zorluk hem zulum, hassalyk hem ýaralar bar görýänim.


Derdiňe derman bolmaz, ýaralaryň gutulmaz, seniň başyňa gelenini eşiden her kes begenjinden el çarpar. Çünki seniň dynuwsyz zulumyňdan heý, gaçyp gutulan boldumy?


Ýöne Meniň adymdan gorkýan siz üçin şöhlesi bilen şypa berjek adalat güneşi dogar. Siz şonda gazygyndan boşanan göle ýaly böküşersiňiz.


Isa muny eşidip: «Lukman saglara däl-de, hassalara gerekdir.


Onuň ýanyna baryp, zeýtun ýagy bilen şerap guýup, ýaralaryny saraýar. Onsoň ol adamy öz eşegine mündürip, bir myhmanhana getirip, oňa garaşyk edýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ