Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 1:29 - Mukaddes Kitap

29 Höwes eden keramatly agaçlaryňyz üçin utanarsyňyz, saýlan baglaryňyz üçin ýüzüňiz gyzarar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

29 Хөвес эден кераматлы агачларыңыз үчин утанарсыңыз, сайлан багларыңыз үчин йүзүңиз гызарар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 1:29
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň kümüş bilen örtülen butlaryňyzy, altyna gaplanan heýkelleriňizi haram saýarsyňyz; olary haram esgi hökmünde taşlarsyňyz, siz olara: «Güm boluň!» diýersiňiz.


Şol gün her kes, günä üçin öz eli bilen ýasan altyndyr kümüş butlaryny ret eder.


Oýma butlara bil baglap, guýma butlara: «Hudaýlarymyz sizsiňiz» diýýänler yzlaryna uly utanç bilen dönderiler.


Ähli but ýasaýanlar utandyrylar, ryswa ediler; ählisi bile ryswa bolar olaryň.


Dub agaçlarynyň arasynda, gür ýaprakly agajyň astynda butlar bilen zyna gyzyşyp, derelerde, gaýalaryň köweklerinde çagalaryňyzy gurban edýän siz dälmi eýsem?


Ol halk baglarda gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakyp kerpiç sypada, gözümiň alnynda yzly-yzyna gaharymy getirýär.


Butparaz seždegählerine girmek üçin, özlerini mukaddes edip, inlerini tämizlänler, şeýle-de doňuz, syçan we beýleki haram haýwanlaryň etini iýenleriň ortasynda baş bolup duranyň yzyna eýerenler ýok bolarlar. Muny Reb aýdýandyr.


Sen bireýýäm boýuntyrygyňy döwüp, diýdiň tanaplaryňy üzüp: ‘Saňa gulluk etmerin’. Her bir beýik baýyrlykda butlara sežde etdiň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdiň serlip ýatyp.


Ýoşyýa patyşanyň döwründe Reb maňa şeýle diýdi: «Sen biwepa Ysraýylyň eden zatlaryny gördüňmi? Her bir beýik baýyrda, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdi.


Onsoň erbet ýollaryňyzy, pis işleriňizi ýatlap, etmişleriňizden we nejis işleriňizden ýaňa özüňizi ýigrenersiňiz.


Her bir beýik baýryň depesindäki, ähli daglaryň başyndaky, her bir gür ýaprakly agajyň astyndaky we belent dub agajynyň astyndaky gurbanlyk sypalarynyň we butlarynyň arasynda, tütetgi hödür edilýän ähli ýerlerinde olaryň gylyçdan geçirilenleri serlip ýatanda, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.


Şu dileg bilen Rebbe dolanyň. «Bar etmişlerimizi geç. Ýagşy dileglerimizi kabul et. Öküz gurbanlygyna derek alkyş gurbanlygyny hödür ederis.


Olar dolanyp, Meniň saýamda ýaşarlar. Bugdaý kimin bol bolarlar. Üzüm ýaly güllärler. Olaryň ysy Liwan şeraby ýaly bolar.


Dagyň depesinde gurbanlyk kesýärler, baýyrlarda bolsa sadaka berýärler. Dub, derek hem dagdan agaçlarynyň aşagynda sadaka edýärler. Çünki olaryň kölegesi goýy. Şonuň üçin gyzlaryňyz azgynlyk, gelinleriňiz bolsa zyna edýärler.


Ýel olary ganatyna orap alar. Olar gurbanlyklary sebäpli masgara bolarlar».


Ozal eden işleriňizden, ýagny şindi utanýan işleriňizden näme bähbit gördüňiz? Şeýle işleriň soňy ölümdir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ