Süleýman, oglum, sen bolsa ataňyň Hudaýyny tana, Oňa ak ýürekden höwes bilen gulluk et. Çünki Reb her bir kalby synaýandyr hem ähli niýet-hyýallary bilýändir. Ony agtarsaň taparsyň, ýöne terk edäýseň welin, Ol senden müdimilik ýüz öwrer.
Şeýdip, Edom şu güne çenli hem Ýahuda garşy gozgalaň turzup, oňa garaşsyz bolup gelýär. Edil şol wagtda Libna galasy hem Ýahudanyň garşysyna uruş turuzdy, çünki Ýehoram ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi ret edipdi.
Ahaz özüni ýeňlişe sezewar eden Damask hudaýlaryna gurbanlyk berip, şeýle diýdi: «Siriýa patyşalarynyň hudaýlarynyň olara ýardam edişleri ýaly, maňa-da ýardam etmekleri üçin, men olara gurbanlyk bererin». Emma ol hudaýlar Ahazyň we tutuş Ysraýylyň başyndan betbagtçylyk inderdi.
Günä edýän milletiň, ýazygy agyr halkyň, pislik edýän zürýatlaryň, azgynlyk edýän çagalaryň halyna waý! Olar Rebbi terk etdiler, Ysraýylyň Mukaddesini äsgermediler, Ondan ýüz öwürdiler.
Reb şeýle diýýär: «Ejeňiz talak zerarly gitdimi? Eýsem bergidar bolup satdymmy sizi? Ine, siz öz etmişleriňiz sebäpli satyldyňyz, siziň ýazyklaryňyz zerarly ejeňiz kowuldy.
Emma ot ýakyp, alawly oklar guşanan siziň hemmäňiz öz oduňyzyň yşygynda, ýakan alawly oklaryňyzyň arasynda geziň! Meniň elimden başyňyza geljek şudur: siz azap içinde ýatarsyňyz.
Olar her gün Meni agtarýarlar, lezzet alýarmyşlar ýollarymy bilmekden, dogry iş edip, Hudaýyň hökümlerini terk etmedik millet kimin Menden adyl höküm soraýarlar, Hudaýa ýakynlaşmagy arzuw edýärler.
Butparaz seždegählerine girmek üçin, özlerini mukaddes edip, inlerini tämizlänler, şeýle-de doňuz, syçan we beýleki haram haýwanlaryň etini iýenleriň ortasynda baş bolup duranyň yzyna eýerenler ýok bolarlar. Muny Reb aýdýandyr.
Olar daşa çykyp, Maňa garşy baş galdyranlaryň jesetlerini görerler. Olaryň jesetlerini iýýän gurt ölmez, olary ýakýan ot sönmez; olar bütin adamzada ýigrenji bolarlar.
Ýa Reb! Eý, Ysraýylyň Umydy! Seni terk edenleriň bary utanja galar. «Menden ýüz öwrenler toz-topraga siňip giderler, çünki olar Men Rebbi – diri suwlar çeşmesini, terk etdiler».
Müsüre gidip, ol ýerde ornaşmagy ýüregine düwen Ýahudanyň aman galanlaryny ýok edip taşlaryn, olaryň hemmesi Müsür ýurdunda heläk bolarlar. Olar gylyçdan we açlykdan gyrlarlar, uludan-kiçä hemmesi gylyçdan we açlykdan ölerler. Olar nälete, howpa, utanja we gargyşa sezewar bolarlar.
Eý, Efraýym, butlar bilen işim ýok. Dilegiňe jogap berip, ybadatyňa seredýän Mendirin. Men mydam ýaşyl serwi ýalydyryn. Seniň bar miweleriň Menden geler».
Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar.
Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».