Rebbiň azat edenleri yza dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gaýdyp gelerler; ebedi şatlyga gowşar olar, begençden, şatlykdan dolarlar, gaýgydyr gam-gussa ýok bolar.
Eý, halkym, Mowap şasy Ballagyň saňa garşy niýetini, Begoryň ogly Bilgamyň oňa beren jogabyny, Şitimden Gilgala çenli bolan işleri ýadyňa sal! Şonda Men-Rebbiň halas ediş işlerimi bilersiň» diýýär Reb.
Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygydyr. Biz Ol arkaly aklanyp päklendik. Isa Mesih bizi Özüne mukaddes halk edinip, günälerimiziň jezasyndan gutardy.