Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 1:26 - Mukaddes Kitap

26 Kazylaryňy ozalky halyna, maslahatçylaryňy öňki halyna dikelderin. Şondan soň saňa: „Dogrulyk şäheri, sadyk şäher“ diýler».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Казыларыңы озалкы халына, маслахатчыларыңы өңки халына дикелдерин. Шондан соң саңа: „Догрулык шәхери, садык шәхер“ дийлер».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 1:26
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sadyk şäher nähili zynahor boldy! Ol öň adalatdan doludy, dogrulyk mesgen tutupdy onda, indi bolsa ganhorlar!


Köp halklar gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Rebbiň dagyna – Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň; ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize Öz ýollaryny öwreder». Çünki kanun Siondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar.


Beýikdir ýokarda oturan Reb, adalatdan, dogrulykdan doldurýar Ol Siony.


Dogrulykda berkarar edilersiň, sütemden uzakda bolarsyň, gorkmarsyň; howp-hatardan daş bolarsyň, golaýlaşmaz saňa.


Saňa ezýet berenleriň nesilleri gelip, tagzym ederler saňa, seni kemsidenleriň ählisi aýagyňa ýykylarlar; saňa Rebbiň şäheri, Ysraýylyň Mukaddesiniň Siony diýer olar.


Bütin halkyň dogruçyl bolar, olar ýurdy baky eýelärler, Özümiň şöhratlanmagym üçin, eken nahalym, ellerimiň işidir olar.


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men olara öňki abadançylygyny gaýtaryp berenimde, olar Ýahuda ýurdunda we onuň şäherlerinde ýene-de şu sözleri aýdarlar: „Reb seni ýalkasyn, eý, dogrulyk mekany, eý, mukaddes dag!“


şatlykdyr gülki sesi, öýlenýän ýigit bilen gelniň toý sesi, Rebbiň öýüne şükür sadakalaryny getirip, şu aýdymy aýdýanlaryň sesi ýaňlanar: ‘Hökmürowan Rebbe alkyş bolsun! Çünki Reb ýagşydyr, sadyk söýgüsi bakydyr!’ Men ýurduň öňki abadançylygyny ozalkysy ýaly gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr“.


Men Ýahudanyň we Ysraýylyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin, olary öňküsi ýaly edip bina ederin.


Bu Ysraýylda hökümdaryň mülki bolar. Mundan beýläk Meniň hökümdarlarym halkyma zulum etmezler, ýeri ysraýyl halkyna tirelerine görä paýlarlar.


Eý, süriniň gözegçi diňi bolan Sion gyzynyň galasy! Gaýtarylyp berler hökümdarlygyň, Iýerusalim gyzynyň patyşalygy dikeldiler.


Ysraýylyň aman galanlary, nähaklyk etmezler, ýalan sözlemezler, agyzlaryndan hileli sözler çykmaz. Olar goýun kimin ýaşyl örülerde ýatarlar, olary hiç kim gorkuzyp bilmez».


Men şonda hemmeleriň Maňa ybadat edip, agzybirlik bilen Maňa gulluk ederleri ýaly, milletlere päk dil bererin.


Reb şeýle diýýär: «Men Siona tarap öwrülerin we Iýerusalimde mekan tutaryn. Iýerusalim „Wepaly şäher“ diýlip atlandyrylar. Hökmürowan Rebbiň dagy „Mukaddes dag“ diýlip atlandyrylar».


Men olary ýene Iýerusalime ýaşamaga getirerin. Olar Meniň halkym bolar, Men olaryň wepaly hem adalatly Hudaýy bolaryn» diýýär.


Musa juda kiçigöwünli adamdy, beýle adam ýer ýüzünde başga ýokdy.


Musanyň muňa gaty gahary gelip, Rebbe: «Olaryň sadakalaryny kabul etme, men olaryň hiç biriniň göwnüne degmändim, hatda olardan ýekeje eşek-de almandym» diýdi.


Bu şähere hiç bir murdar zat, nejislik edýänleriň, ýalan sözleýänleriň hiç biri girmez. Oňa diňe Guzynyň ýaşaýyş kitabyna atlary ýazylanlar girerler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ