Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 1:25 - Mukaddes Kitap

25 Elimi saňa garşy uzadaryn, haramlygyňyzdan aşgar bilen tämizlärin seni, ähli ýanyklaryňy aýraryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Элими саңа гаршы узадарын, харамлыгыңыздан ашгар билен тәмизләрин сени, әхли яныкларыңы айрарын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 1:25
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Kümşüň galynda öwrüldi, şerabyňa suw gatyldy.


Şeýdip, Ýakubyň etmişi ötüler, günäsiniň ötülmeginiň doly miwesi şu bolar: Gurbanlyk sypalarynyň ähli daşlary hek daşlary deý owradylanda, ne Aşera butlary, ne-de tütetgi sypalary galar.


Taňry Sion gyzlarynyň pisligini ýuwar, Iýerusalimde dökülen gany höküm we alaw ruhy bilen tämizlär.


Körük gyzdyrylýar, otda gurşun ereýär, emma zergäriň bu eden işi puçdur, şonda-da pislik hiç aýrylmaýar.


Zulum üstüne zulum, ýalan üstüne ýalan ýagýar! Olar Meni tanamakdan ýüz öwürýärler. Muny Reb aýdýandyr.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men olary eredip, synagdan geçirerin. Biçäre halkymy başga näme edip bilerin?


Pitneçileri we Meniň garşyma jenaýat edenleri siziň araňyzdan aýraryn, olary gelmişek bolup ýaşaýan ýurtlaryndan çykararyn, ýöne olar Ysraýyl ýurduna girmezler. Şonda siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz».


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Baryňyzyň galyndy bolandygyňyz üçin, Men sizi Iýerusalimiň ortasyna ýygnaryn.


Eretmek üçin ody üfläp, kümşi, bürünji, demri, gurşuny we galaýyny körüge salyşlary ýaly, Men-de sizi gahar-gazabym bilen şähere salyp erederin.


Kümşüň körükde ereýşi ýaly, siz-de şäheriň içinde erärsiňiz, onsoň gahar oduny üstüňize dökeniň Men-Rebdigimi bilersiňiz“».


Garşyma eden ähli pis işleri üçin, şol gün halkym utandyrylmaz. Çünki Men özüne buýsanyp, men-menlik edýänleri araňyzdan aýraryn. Siz mukaddes dagymda mundan beýläk tekepbirlik etmersiňiz.


Ol kümşi eredip saplaýan ýaly oturyp, Lewiniň neslini saplar, olary altyn-kümüş kimin eredip tämizlär. Şonda olar sadakalaryny Rebbe dogrulyk bilen hödür ederler.


Onuň harman sowurýan çarşagy elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýyny ammara üýşürer, samany bolsa sönmez otda ýakar».


Onuň halky bilen şatlanyň, eý, halklar! Çünki Ol gullarynyň ganynyň öjüni alar. Duşmanlaryndan aryny alar, Öz halkynyň ýurduny päklär, olary günäsinden saplar».


Men Öz söýýänlerime käýäp, olary terbiýeleýändirin. Şonuň üçin-de, yhlasly bol, toba et!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ