Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 1:24 - Mukaddes Kitap

24 Şonuň üçin Hökmürowan Taňry Reb, Ysraýylyň gudratly Hudaýy şeýle diýýär: «Ýagylarymyň üstünden gazabymy dökerin, duşmanlarymdan öç alaryn!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Шонуң үчин Хөкмүрован Таңры Реб, Ысрайылың гудратлы Худайы шейле диййәр: «Ягыларымың үстүнден газабымы дөкерин, душманларымдан өч аларын!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 1:24
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Ýakubyň Gudratly Hudaýy, Ysraýylyň Çopany, Gaýasy tarapyndan onuň ýaýy berk, gollary gujurly edildi.


Bu başa guýulýan mukaddes ýag ýalydyr, sakgala, Harunyň sakgalyna, onuň geýiminiň ýakasyna syrygýan mukaddes ýag ýalydyr!


Eý, Sion halky, heşelle kak, gygyr! Araňyzdaky Ysraýylyň Mukaddesi beýikdir!»


Mukaddes baýram bellenýän gijesindäki dek aýdym aýdarsyňyz; Rebbiň dagyna, Ysraýylyň Gaýasyna tüýdük çalyp çykýan dek, ýüregiňiz şatlanar.


Towşanýüreklilere: «Gaýrata galyň! Gorkmaň! Ine, Hudaýyňyz öç almaga gelýär, Ol mynasyp hak bilen gelip, sizi halas eder» diýiň.


Saňa sütem edýänleriň özlerini özüne iýdirerin, täze şerap içen deý öz ganlaryndan serhoş bolarlar. Onsoň ähli ynsanlar Meniň Rebdigimi, seniň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilerler».


Ol her kese işlerine görä jeza berer, ýagylaryna gazap, duşmanlaryna jeza garaşýar, adalara jeza berer.


Milletleriň süýdüni emersiň, Sorarsyň şalaryň göwsün. Şonda sen Men Rebbiň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilersiň.


Rebbiň merhemet ýylyny, Hudaýymyzyň öç aljak gününi yglan etmäge, ähli ýas tutýanlara göwünlik bermäge,


Öç alyş güni ýüregimdedi, halas etjek ýylym gelipdi.


Emma Ysraýylyň Penakäri güýçlüdir, Onuň ady Hökmürowan Rebdir. Ol Ysraýylyň işini derňäp, ýurda rahatlyk berer, emma Babylyň ilatyna biynjalyk berer».


Bu zatlar üçin Men olary, heý-de, jezalandyrmarynmy? Beýle milletden öç almarynmy?» Muny Reb aýdýandyr.


Şeýlelikde, saňa bolan gahar-gazabymy öçürerin, saňa bolan gabanjaňlygym aýrylar, onsoň Men köşeşerin we mundan soň gaharlanmaryn.


Men-de maňlaýyma uraryn, gahar-gazabym ýatyşar, muny Men-Reb diýdim».


Siziň üçden bir bölegiňiz mergiden, ýene üçden bir bölegiňiz daş-töweregiňizdäki gylyçdan öler; beýleki üçden bir bölegiňizi bolsa ýeliň çar tarapyna sowrup, gylyjymy ýalaňaçlap, yzyňyzdan kowalaryn.


Gazabymy olaryň üstüne döküp, gaharym ýatyşandan soň, Men köşeşerin. Olara gahar-gazabymy dökenimde, olar Men-Rebbiň gabanjaňlyk bilen gepländigimi bilerler.


Boýun bolmaýan milletlerden gahar-gazap bilen öç alaryn».


Reb size ýagşylyk edip, siziň sanyňyzy köpeldende, näçe lezzet alan bolsa, sizi gyryp ýok edende hem şonça lezzet alar. Mülk edinmek üçin baran ýeriňizden siz sogrulyp taşlanarsyňyz.


Onuň halky bilen şatlanyň, eý, halklar! Çünki Ol gullarynyň ganynyň öjüni alar. Duşmanlaryndan aryny alar, Öz halkynyň ýurduny päklär, olary günäsinden saplar».


Şondan bäri hem Ol duşmanlarynyň aýak astyna salynmagyna garaşýar.


Şoňa görä, bir günüň içinde ölüm, ýas, açlyk belasy başyna iner, ony ot ýakyp köýdürer. Çünki ony höküm eden Hudaý güýçlüdir!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ