Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 1:20 - Mukaddes Kitap

20 Boýun gaçyryp, baş göteräýseňiz welin, sizi gylyç ýalmar». Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Боюн гачырып, баш гөтерәйсеңиз велин, сизи гылыч ялмар». Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 1:20
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gulak asmasalar, gylyçdan heläk bolarlar, dünýäden pähim-paýhassyz ötüp giderler.


Eger sen olary ýene-de saklap, goýbermekden boýun towlasaň,


Pisleriň dat gününe! Betbagtçylyk iner olaryň başyna, elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekerler.


Sionyň derwezeleri ah çekip, ýas tutar, şäher çolaryp, gury ýerde oturar».


Rebbiň kitabyndan okap agtaryň: bulardan hijisi-de kem bolmaz, hiç biri öz jübütini ýitirmez. Muny Reb buýurdy, Onuň Ruhy olary üýşürdi.


Şonda Rebbiň şöhraty aýan bolar, ähli ynsanlar ony birlikde görerler, muny aýdýan Rebdir».


şonda siz Rebden hoşal bolarsyňyz, Men sizi dünýäniň belentliklerine çykararyn; ataňyz Ýakubyň mirasyny size bererin. Muny Reb aýdýandyr.


Men-de sizi gylyja niýetlärin, baryňyz gyrylmak üçin dyza çökersiňiz, çagyranymda jogap bermediňiz, geplänimde, gulak asmadyňyz, nazarymda ýigrenýän işlerimi etdiňiz, Maňa ýaramaýany saýladyňyz».


«Bu halk haýal akýan Şilowa suwuny ret etdi, olaryň Resiniň hem Remalýanyň oglundan köňülleri şat boldy.


Emma Meni diňlemeseňiz, Sabat güni Iýerusalimiň derwezelerinden ýükli girip, Sabat gününi mukaddes hasaplamasaňyz, onda Men şäheriň derwezelerini oda bererin. Ot Iýerusalimiň içki galalaryny ýakyp ýandyrar, ol hiç wagt sönmez».


Bu halka hem Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Men ýaşaýyş ýoly bilen ölüm ýoluny siziň öňüňizde goýýaryn.


Olara Reb şeýle diýýär diý: „Eger siz Maňa gulak goýmasaňyz, beren kanunyma görä ýöremeseňiz,


Olar ekin sakçylary ýaly onuň daş-töweregini gabarlar, çünki Iýerusalim Maňa garşy baş galdyrdy. Muny Reb aýdýandyr.


«Müsürde yglan ediň, Migdolda eşitdiriň, Memfisde we Tahpanhesde eşitdirip, şeýle diýiň: „Taýýar boluň, ornuňyzda duruň, gylyç daşyňdakylary gyryp gutarýar“.


Men siziň ýurduňyzda uruş turzaryn. Ähtimi bozanlygyňyz üçin, Men size hökman jeza bererin. Eger siz galalaryňyzda gaçyp gizlenseňiz, Men siziň araňyza gyrgyn keselini ibererin. Şeýdip, Men sizi duşmanyňyzyň eline bererin we olar siziň üstüňizden höküm sürerler.


Men sizi gelmişek milletleriň arasyna pytradyp, garşyňyza uruş turzaryn. Siziň ýurduňyz çolaryp, galalaryňyz haraba öwrüler.


Her kes öz üzüm, injir baglarynyň saýasynda oturar, olary hiç kim gorkuzmaz, çünki Hökmürowan Rebbiň Özi aýtdy.


Hudaý ynsan däl ahyryn, ýalan sözlär ýaly. Ol adam ogly däl, pikirini üýtgeder ýaly. Heý, Onuň beren wadasynyň, aýdan sözüniň bitmedigi barmy?


Hudaýyň bu ýörelgesi baky ýaşaýyş umydyny berýär. Sözünde asla ýalan bolmadyk Hudaý bu ýaşaýşy dünýä ýaradylmazdan öň wada berip,


Emma Rebbe gulak asman, Onuň buýrugyna garşy baş göterseňiz welin, ata-babalaryňyza edişi ýaly, Reb size hem jeza berer.


Öz pis hereketleriňizden el çekmeseňiz welin, patyşaňyz bilen bile ýok edilersiňiz».


Şeýle hem, Ysraýyl Şöhraty ýalan sözlemez ýa-da pikirini üýtgetmez. Çünki Ol pikirini üýtgeder ýaly ynsan däldir».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ