Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bendelerim iýerler, siz bolsa aç bolarsyňyz; bendelerim içerler, siz bolsa suwsarsyňyz; bendelerim şatlanarlar, siz bolsa utanja goýlarsyňyz;
Siziň iýjegiňiz bolelin bolar, olardan gerk-gäbe doýarsyňyz; siziň üçin ajaýyp işleri eden Hudaýyňyz Rebbiň adyna alkyşlar aýdarsyňyz. Meniň halkym gaýdyp utandyrylmaz.
Eger siz Meniň parzlaryma eýerip, tabşyryklarymy saklap, olary ak ýürekden berjaý etseňiz, Men siziň ýerleriňize gerek wagtynda ýagyş ýagdyraryn. Ýer hasyl berer, meýdan agaçlary-da miwe getirer.
Ekinleriňiz şeýle bir köp hasyl getirer welin, döwegiňiz üzüm ýygymyna çenli dowam eder. Üzüm ýygymy galla ekişine çenli dowam eder, çöregiňizi doýup iýersiňiz, ýurduňyzda howpsuzlykda ýaşarsyňyz.
Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl bilen Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa we halkyň aman galanlarynyň ählisi Rebden gorkup, özleriniň Hudaýy Rebbiň sözüne we Hagaý pygamberiň aýdanlaryna gulak asdylar. Çünki Hagaý pygamberi Beýik Hudaý iberipdi.
Eger siz diňe Hudaýyňyz Rebbe gulak asyp, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklaryny yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Hudaýyňyz Reb sizi ýer ýüzündäki ähli milletlerden beýgelder.