Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 1:14 - Mukaddes Kitap

14 Ýürekden ýigrenýärin Täze Aý we beýleki baýramlaryňyzy. Bular Maňa ýük boldular, ýadadym Men olary götermekden.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Йүрекден йигренйәрин Тәзе Ай ве бейлеки байрамларыңызы. Булар Маңа йүк болдулар, ядадым Мен олары гөтермекден.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 1:14
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sabat günlerinde, Täze Aý baýramlarynda we beýleki baýramlarda ýakma gurbanlyklar berenlerinde, Rebbe şükür edip, öwgüler aýtmalydylar. Olar bu işleri emr edilen düzgünlere görä hemişe Rebbiň huzurynda ýerine ýetirmelidiler.


Dawudyň mesgen tutan şäheri Ariýeliň dat gününe! Ýylyň ýylyna baýramlaryňyz dowam edibersin.


Ariýele azap çekdirerin, ýas tutar, perýat eder ol, Meniň üçin gurbanlyk ojagy kimin bolar.


Hoşboý ysly gamyş satyn almadyňyz Maňa, gurbanlyklaryňyzyň ýagyndan doýurmadyňyz, günäleriňiz bilen Maňa ýük bolduňyz gaýtam, etmişleriňiz bilen Meni irizdiňiz.


«Men – Reb adalaty söýýändirin, talaňçylygy, nähaklygy ýigrenýändirin. Olara muzdlaryny takyk bererin, olar bilen ebedi äht baglaşaryn.


Onsoň Işaýa şeýle diýdi: «Gulak goýuň, eý, Dawudyň nesilleri! Ynsanlary irizeniňiz size azlyk edip, indi Hudaýymy hem irizjekmisiňiz?


Onuň bar şadyýanlygyny, baýramlaryny, Täze Aý baýramyny we Sabat gününi, ähli dabaralaryny tamam ederin.


Olar nikasyz çagalar dogrup, Rebbe biwepalyk etdiler. Täze Aý baýramy olary ekin meýdanlary bilen ýuwudar.


Şonuň üçin desseden ýükli araba topragy nähili owradýan bolsa, Men-de sizi duran ýeriňizde edil şonuň ýaly mynjyradaryn.


Men baýramlaryňyzy ýigrenýärin, äsgermeýärin, mukaddes ýygnanyşyklaryňyzy asla halamaýaryn.


Bir aýda üç çopany başymdan sowdum. Men goýun söwdagärlerini ýigrendim, olar hem meni ýigrendiler.


Siz sözleriňiz bilen Rebbi irizdiňiz. «Ony nädip irizdik?» diýip soraýarsyňyz. «Ýamanlyk edýän her bir adam Rebbiň nazarynda gowudyr we Reb olardan hoşaldyr» ýa-da «Hany, adalat Hudaýy nirede?» diýip irizdiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ