Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 1:13 - Mukaddes Kitap

13 Sadaka bermek biderekdir, ýakymly ysly tütetgiňiz Maňa nejislikdir. Täze Aý baýramynda, Sabat gününde pislik edýärkäňiz guraýan mejlisiňize, ýygnanyşygyňyza çydap bilmeýärin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Садака бермек бидерекдир, якымлы ыслы түтетгиңиз Маңа неҗисликдир. Тәзе Ай байрамында, Сабат гүнүнде пислик эдйәркәңиз гураян меҗлисиңизе, йыгнанышыгыңыза чыдап билмейәрин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 1:13
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Adamsy ondan: «Bu gün aýyň başy däl ýa-da Sabat güni däl. Sen näme üçin onuň ýanyna şu gün gitjek?» diýip sorady. Aýaly hem: «Hemme zat gowy, alada etme» diýip jogap berdi.


Sabat günlerinde, Täze Aý baýramlarynda we beýleki baýramlarda ýakma gurbanlyklar berenlerinde, Rebbe şükür edip, öwgüler aýtmalydylar. Olar bu işleri emr edilen düzgünlere görä hemişe Rebbiň huzurynda ýerine ýetirmelidiler.


Birinji günde we ýedinji günde siz mukaddes ýygnanyşyk etmelisiňiz. Şol günler ýekeje iş hem edilmeli däldir, diňe öz iýjek zatlaryňyzy taýýarlaň.


Erbetleriň gurbanlygy ýigrenjidir, eger ol ýaman niýet bilen getiren bolsa, ondanam beterdir.


«Men şu gün wadamy ýerine ýetirdim, salamatlyk gurbanlygyny berdim.


«Öz ýollaryny saýlaýanlar, nejis işlerinden lezzet alýanlar bar. Öküzi gurbanlyk berýän adam öldüren bilen deňdir, guzyny gurbanlyk berýän itiň boýnuny ýazdyran ýalydyr; galla sadakasyny beryän doňzuň ganyny hödürlän bilen deňdir, ýakymly ysly tütetgi tütedyän buta sežde eden ýalydyr.


Ybadathanasyny çatma deý ýykdy, halkyň ybadat öýüni wes-weýran etdi. Reb Sionda baýramlardyr Sabat gününi unutdyrdy. Gahar-gazaba münüp, patyşany we ruhanyny ret etdi.


«Eý, ysraýyl halky, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Meni diňlemejek bolsaňyz, gidiň, mundan beýläk her kim öz butlaryna gulluk etsin; ýöne sadakalaryňyzdyr butlaryňyz bilen Meniň mukaddes adyma ysnat getirmäň.


Onuň bar şadyýanlygyny, baýramlaryny, Täze Aý baýramyny we Sabat gününi, ähli dabaralaryny tamam ederin.


Agyz beklemäge belläň siz wagty, jar ediň mukaddes ýygnanyşygy. Ýaşululary hem-de tutuş ýurduň halkyny ýygnaň Beýik Hudaýyňyzyň öýüne hem-de Rebbe dat-perýat ediň.


Sionda çalyň surnaýy, jar ediň mukaddes ýygnanyşygy, Agyz beklemäge belläň siz wagty,


Men siziň galalaryňyzy haraba öwrüp, siziň seždegähleriňizi ýer bilen ýegsan ederin, ýakymly ysly sadakalaryňyzy kabul etmerin.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Gurbanlyk sypamda biderek ýere ot ýakmazyňyz ýaly, käşgä araňyzdan biri çykyp, derwezeleri ýapsady! Men sizden razy däldirin. Indi Men siziň eliňizden sadaka kabul etmerin.


«Özüňe döwme sap kümüşden iki sany surnaý ýasa. Olary jemagaty çagyrmak we düşelgeleri göçürmek üçin ulanarsyň.


Biderek ýere Maňa sežde edýärler, taglymat diýip öwredýänleri ynsan buýruklarydyr“».


Waý halyňyza, eý, fariseýler! Siz narpyzdan, her hili ysly otdan ondan bir bölegi berýärsiňiz, emma adalat bilen Hudaýyň söýgüsini äsgermeýärsiňiz. Bularyň birini berjaý edip, beýlekilerini taşlamaly dälsiňiz.


Indi bolsa şu görkezmeleri bermek bilen birlikde, özümiň makullamaýan zadym barada aýtmakçy: siziň ýygnanyşyklaryňyzyň peýdasyndan zyýany köpdür.


Hudaýyň Mukaddes Ruhuny gamgyn etmäň. Çünki Mukaddes Ruh siziň Hudaýa degişlidigiňiziň hem-de gutulyş güni azat edilmegiňiziň kepilnamasydyr.


Hawa, olaryň käbirleri meniň bilen bäsleşip, Isa Mesih baradaky Hoş Habary bahyllykdan wagyz edýärler, käbirleri bolsa ýagşy niýetden wagyz edýärler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ