Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 1:10 - Mukaddes Kitap

10 Eý, Sodom baştutanlary, Rebbiň sözüni eşidiň! Eý, Gomora halky, Hudaýymyzyň kanunyna gulak goý!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Эй, Содом баштутанлары, Реббиң сөзүни эшидиң! Эй, Гомора халкы, Худайымызың канунына гулак гой!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 1:10
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sodomyň halky pis işleri bilen Rebbe garşy uly günä etdiler.


Munuň üçin eý, masgaralaýjylar, Iýerusalimdäki bu halka hökümdarlyk edýän siz, Rebbiň sözüni eşidiň!


Ýüz keşpleri özleriniň garşysyna şaýatlyk edýär, günälerini Sodom ýaly äşgär edýärler, olary ýaşyrmaýarlar, olaryň dat gününe! Betbagtçylygy satyn aldylar olar.


Bu pitneçi halk, hilegär ogullar, Rebbiň öwüdine gulak goýmaýan ogullardyr.


Reb biziň kazymyzdyr, biziň kanun çykaryjymyzdyr, Reb patyşamyzdyr, Ol bizi halas eder.


Iýerusalimiň pygamberleriniň arasynda-da aýylganç zat gördüm: olar zyna edýärler, ýalana eýerýärler, ýamanlyk edýänleri güýçlendirýärler, şeýdip, hiç kim erbetlikden el çekmeýär. Meniň üçin olaryň ählisi Sodom kimin, boldy Iýerusalimiň ilaty Gomora kimin.


Müsüri, Ýahudany, Edomy, ammonlary, Mowaby we çölde ýaşaýan gyrçuw sakgallylaryň hemmesini jezalandyraryn. Çünki bu milletleriň ählisi sünnetsiz, tutuş ysraýyl halkynyň ýüregi-de sünnetsiz».


«Eý, ynsan ogly! Pygamberlik edýän Ysraýyl pygamberlerine garşy pygamberlik et. Öz-özlerinden pygamberlik edýän ol pygamberlere Rebbiň sözüni diňlemegi tabşyr.


Munuň üçin, eý, azgyn aýal, Rebbiň sözüni diňle:


Gyzlary bilen birlikde seniň demirgazyk tarapyňda ýaşaýan uly uýaň Samariýadyr, gyzlary bilen seniň günorta tarapyňda mesgen tutan kiçi uýaň Sodomdyr.


Ine, seniň uýaň Sodomyň etmişi şudy: onuň özi-de, gyzlary-da tekepbirdiler, olarda bol nan we doly rahatlyk bardy, emma olar garyby we mätäji goldamady.


Eý, ysraýyl halky, Rebbiň size, Müsürden çykaran kowumyňyza garşy aýdan bu sözüne gulak goýuň:


Arslan arlar-da, kim gorkmaz? Hökmürowan Reb sözlär-de, kim pygamberlik etmez?»


Reb şeýle diýýär: «Eý, ysraýyl halky, sen Meniň üçin efiopiýa halky bilen deň dälmisiň? Ysraýyllary Müsürden, piliştleri Kaptordan, siriýalylary Kirden çykaran Men dälmi näme? Hökmürowan Rebbiň nazary siziň günäli şalygyňyzdadyr, Men-Reb ony ýer ýüzünden süpürip taşlaryn, emma Ýakubyň kowumyny bütinleý ýok etmerin». Muny Reb aýdýandyr.


Men-Mika diýdim: «Gulak goý, eý, Ýakup nesliniň baştutanlary, Ysraýyl halkynyň hökümdarlary! Adalaty bilmeli siz dälmi näme?


Işaýa hem öňden şulary aýdypdy: «Eger Hökmürowan Reb zürýatlarymyzy aman galdyrmadyk bolsady, Sodom ýaly bolardyk, Gomora meňzärdik».


Duşmanyň üzüm çybygy Sodom çybygyndan, Gomora baglaryndandyr. Üzümleri zäher-zakgun, salkymlary ajydyr.


Olaryň jesetleri beýik şäheriň baş köçesinde serlip ýatar. Olaryň Rebbi hem bu şäherde haça çüýlendi. Adamlar ýaňsylap, bu şäheri „Sodom“ ýa-da „Müsür“ diýip atlandyrýardylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ