Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 9:16 - Mukaddes Kitap

16 Efraýym keselledi, köki gurady. Olar miwe bermezler. Çaga dogursalar-da, Men eziz çagalaryny öldürjek».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Эфрайым кеселледи, көки гурады. Олар миве бермезлер. Чага догурсалар-да, Мен эзиз чагаларыны өлдүрҗек».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 9:16
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olardan soň bolsa ýedi sany gündogar ýeline guran puç sümmül ösüp çykýarmyş.


Kökleri guraýar aşakda, şahalary solýar ýokarda.


Olar ekilip, sepilip, baldaklary ýere zordan kök uran dessine, Reb demini üfleýär, olar guraýarlar, harasat olary saman dek sowurýar.


Oduň sypaly ýalmaýşy kimin, gury otuň alaw içinde aşak çöküşi kimin, olaryň köki-de şeýle çüýrär, gülleri tozan kimin göge sowrular; çünki olar Hökmürowan Rebbiň kanunyny ret etdiler, Ysraýylyň Mukaddesiniň sözüni äsgermediler.


«Ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men güýjüňiziň buýsanjy, gözüňiziň arzuwlaýany, janyňyzyň mähremi bolan mukaddes öýümi harlatmakçy. Galdyryp gaýdan ogul-gyzlaryňyz gylyçdan ölerler“.


Zulum gördi Efraýym. Höküm bilen ezildi. Çünki bilip durubam, boş hyýalyň yzyndan gitmek isledi.


Olar ýel ekip, tupan orarlar. Sümmülsiz bugdaý un bermez. Hasyl beräýse-de, özgeler iýer.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, ol gün ojak ýaly ýanyp gelýär. Ähli tekepbirler we hemme erbetlik edýänler saman kimin bolarlar. Ol gün olaryň hemmesini ot ýandyrar. Olarda ne kök, ne-de baldak galar.


Ýigit ýa-da gyz bolsun, emýän körpe ýa çal goja, parhy ýok, daşarda gylyç heläk eder, içerde olary gorky öldürer.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ