14 Ber olara, Reb! Näme berersiň? Aýallaryna önelgesiz ýatgy, süýtsüz göwüs ber.
14 Бер олара, Реб! Нәме берерсиң? Аялларына өнелгесиз ятгы, сүйтсүз гөвүс бер.
Öküzleri kemsiz örňeýär, sygyrlary guzlýar, göle düşmeýär.
Ýurduňyzda çagasy düşen ýa-da önelgesiz galan bolmaz. Ömrüňizi-de uzak ederin.
Bir guş kimin Efraýymyň şöhraty uçup gider. Olardan çaga önmez, ne hamyla bolar, ne-de göwrede çaga galar.
Men Efraýymy Sur galasy ýaly, otluk ýaýlada gördüm. Emma Efraýym öz ogullaryny jelladyň eline berjek».
Efraýym keselledi, köki gurady. Olar miwe bermezler. Çaga dogursalar-da, Men eziz çagalaryny öldürjek».
Ol günlerde göwreli aýallaryň we çaga emdirýänleriň dat gününe!
Ol günlerde göwreli aýallaryň we çaga emdirýänleriň dat gününe! Sebäbi ýurda äpet bela-beterler iner, bu halk gazaba duçar bolar.
Çünki şeýle bir günler geler, adamlar: „Önelgesiz aýallar, dogurmadyk ýatgylar, çaga emdirmedik göwüsler neneňsi bagtly!“ diýerler.
Şu muşakgatly döwürde her kesiň öňki halynda galany ýagşydyr.
Örňäp ösmegiňize, topragyňyzyň hasylyna, sygyrlaryňyzyň we dowarlaryňyzyň artmagyna nälet bolsun.