Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 9:12 - Mukaddes Kitap

12 Çagalaryny ýetişdirse-de, balalaryny ellerinden alaryn. Men olary terk edenimde, olaryň dat gününe!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Чагаларыны етишдирсе-де, балаларыны эллеринден аларын. Мен олары терк эденимде, оларың дат гүнүне!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 9:12
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Ysraýyla garşy gahardan ýaňa lowlap, olary ret etdi. Ýahuda tiresinden başga ýekeje adam-da galmady.


Näçe köp bolsa-da, ogullary gylyçdan gyrylýarlar, zürýatlary-da açlykdan.


Ýurduň derwezelerinde halkymy çarşak bilen sowraryn. Perzentsiz goýup, olary heläk ederin, çünki olar pis ýollaryndan dänmediler.


Eý, Iýerusalim, akylyňa aýlan, ýogsam Men senden ýüz öwrerin. Seni harabaçylyga, ilatsyz bir ýurda öwrerin».


Seret, ýa Reb, halkyňyň halyna bak! Kimi beýle güne salanyňy gör! Aýallar öz dogran eziz çagalaryny iýsinlermi? Ruhany we pygamber mukaddes öýüňde öldürilsinmi?


Çar tarapdan maňa howp salanlary çagyrdyň, baýramçylyk günündäki kimin olary üýşürdiň. Rebbiň gahary gelen güni hiç kim gaçyp gutulmady, olaryň arasyndan diri galany bolmady, söýüp ulaldan çagalarymy duşmanym heläk etdi.


Olaryň dat gününe! Çünki Menden daşlaşdylar. Bela insin başlaryna! Çünki Maňa garşy baş göterdiler. Men olary halas ederdim. Ýöne olar Men barada ýalan söz aýtdylar.


Men Efraýymy Sur galasy ýaly, otluk ýaýlada gördüm. Emma Efraýym öz ogullaryny jelladyň eline berjek».


Efraýym keselledi, köki gurady. Olar miwe bermezler. Çaga dogursalar-da, Men eziz çagalaryny öldürjek».


Muny eden kişi Hökmürowan Rebbe sadaka getiren bolsa-da, Reb onuň maşgalasyny Ýakubyň neslinden sogrup taşlap, ony jezalandyrsyn.


Size ol ýurdy gözden geçirmäge kyrk gün gerek bolan bolsa, kyrk günüň her güni üçin bir ýyl, jemi kyrk ýyllap etmişleriňiz üçin jeza çekersiňiz. Sizden ýüz öwrenimde, Meniň nähili bolýandygymy siz şondan bilersiňiz.


Çünki Reb olar hakda şeýle diýipdi: «Olaryň hemmesi çölde ölüp giderler. Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwadan başga olaryň ýekejesi hem diri galmaz».


Örňäp ösmegiňize, topragyňyzyň hasylyna, sygyrlaryňyzyň we dowarlaryňyzyň artmagyna nälet bolsun.


Ogullaryňyz we gyzlaryňyz gözüňiziň alnynda başga halklara berler. Günuzyn olary agtarmakdan ýaňa, gözüňiziň nury öçer, emma eliňizden gelen zat bolmaz.


Şol gün Meniň gahar-gazabym olaryň üstünden iner. Men olary terk edip, olardan ýüz öwrerin. Olar şobada heläk bolarlar, olaryň üstünden köp bela-beterler iner. Şol gün olar: „Aramyzda Hudaýymyzyň ýokdugy sebäpli, bu bela-beterler biziň üstümizden indimikä?“ diýerler.


Ýigit ýa-da gyz bolsun, emýän körpe ýa çal goja, parhy ýok, daşarda gylyç heläk eder, içerde olary gorky öldürer.


Barak Siseranyň söweş arabasyny we bütin goşunyny Haroşet-hagoýyma çenli kowdy, olaryň baryny gylyçdan geçirdi, ýeke adamy-da diri goýmady.


Rebbiň Ruhy Şawuldan aýryldy. Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah ony gorkuzýardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ