Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 9:11 - Mukaddes Kitap

11 Bir guş kimin Efraýymyň şöhraty uçup gider. Olardan çaga önmez, ne hamyla bolar, ne-de göwrede çaga galar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Бир гуш кимин Эфрайымың шөхраты учуп гидер. Олардан чага өнмез, не хамыла болар, не-де гөвреде чага галар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 9:11
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol ikinji ogly bolanda: «Jebir çeken topragymda Hudaý meni örňetdi» diýip, onuň adyna Efraýym dakdy.


Ýusup bir miweli agaçdyr, bulak başyndaky miweli daragtdyr, şahalary diwardan aşýar.


Şawulyň gyzy Mikal dünýäden perzentsiz ötdi.


Pisleriň yşygy sönýär, ot ýalynlary parlamaýar.


Ine, olar agyzlaryndan erbetlik saçýar, dilleri ajylyk pürkýär. Olar: «Kim eşider?» diýip oýlaýar.


Eger bir adam ýüz çaganyň atasy bolup, köp ýyl ýaşasa, ömri uzak bolup, ýöne durmuşyň näz-nygmatlaryndan lezzet almasa, hormat bilen jaýlanylmasa, meniň üçin öli doglan çaga ondan gowudyr.


Efraýymda gala galmaz, Damaskda şa bolmaz, Siriýanyň aman galanlary Ysraýyl ogullarynyň şöhraty deý bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Samariýada ýaşaýanlar Beýtaweniň gölesi üçin gorkýarlar. Ilaty onuň üçin ýas tutar. Onuň şöhraty bilen joşan butparaz ruhanylar aglaýarlar. Çünki şöhraty ondan gitdi.


Ruhanylar näçe köpeldigiçe, Meniň garşyma şonça köp günä etdiler. Olaryň şöhratyny masgaraçylyga öwrerin.


Efraýym jeza gününde çöle öwrüler. Ysraýyl tireleriniň arasynda Men muny takyk bildirerin.


Ber olara, Reb! Näme berersiň? Aýallaryna önelgesiz ýatgy, süýtsüz göwüs ber.


Reb şeýle diýýär: «Men ammonlary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar öz çäklerini giňeltmek üçin Gilgadyň göwreli aýallarynyň garnyny ýardylar.


Çünki şeýle bir günler geler, adamlar: „Önelgesiz aýallar, dogurmadyk ýatgylar, çaga emdirmedik göwüsler neneňsi bagtly!“ diýerler.


Örňäp ösmegiňize, topragyňyzyň hasylyna, sygyrlaryňyzyň we dowarlaryňyzyň artmagyna nälet bolsun.


Duşmanyňyz galalaryňyzy gabap, sizi çykgynsyz ýagdaýa salanda, şol aýal dogranyndan soň, hatda satanynyň arasyndan çykan çagasynyň ýoldaşyny gysganyp, öz dogran çagalaryny hem açlykdan ýaňa ogrynça iýer.


Ol ilkinji doglan öküz ýaly haýbatlydyr, ýabany öküziňki kimindir onuň şahlary. Bir şahy Efraýymyň on müňüsidir, beýlekisi Manaşanyň müňüsidir. Ol halklary şahlary bilen süser, ýeriň ol ujuna çenli olary kowar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ