Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 9:10 - Mukaddes Kitap

10 Çölde üzüm tapan ýaly, Men Ysraýyly tapdym. Ilkinji miwe beren injir agajyny gören ýaly, Men ata-babalaryňyzy gördüm. Ýöne olar Bagalpegor dagyndaky butuna sežde edenlerinde, özlerini ryswaçylyga urdular. Göwün beren zatlary ýaly ýigrenji boldular.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Чөлде үзүм тапан ялы, Мен Ысрайылы тапдым. Илкинҗи миве берен инҗир агаҗыны гөрен ялы, Мен ата-бабаларыңызы гөрдүм. Йөне олар Багалпегор дагындакы бутуна сежде эденлеринде, өзлерини рысвачылыга урдулар. Гөвүн берен затлары ялы йигренҗи болдулар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 9:10
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ahaba Nebadyň ogly Ýarobgamyň günäli ýollaryndan ýöremekligiň özem ýeterlikdi, ýöne ol onuň üstesine sidonlylaryň patyşasy Etbagalyň gyzy Izebele öýlenip, Bagala sežde etdi.


Olar şol seždegählerde Rebbiň öz ýurtlaryndan kowup çykaran milletleriniň edişi ýaly sadakalar berdiler. Olar pis işleri edip, Rebbiň gaharyny getirdiler.


Saňa şükür gurbanlygyny hödür ederin, Rebbiň adyny men çagyraryn.


Tüsse sütüni deý çölden çykyp gelýän kim? Ondan täjirleriň hoşboý ysly atyrlaryndan edilen mürüň we ýakymly ysly tütetginiň hoşboý ysy bark urýar.


Hasylly deräniň başynda ýerleşen, şöhratly gözelligi solup barýan gül, tomusdan öň ýetişen injir dek bolar; ony gören, tiz ýolup iýer.


Çünki hudaýlaryň sany şäherleriň sany bilen deňdir, eý, Ýahuda! Siz Iýerusalimiň köçeleriniň sanyna görä utançly zatlar üçin gurbanlyk sypalaryny, Bagal butuna gurbanlyklar hödür etmek üçin gurbanlyk sypalaryny gurduňyz.


Bir sebetde ir ýetişýän injirler bardy. Olar diýseň gowudy. Beýleki sebetde bolsa iýmäge ýaramaýan gaty erbet injirler bardy.


Ýaşlygymyzdan bäri ata-babalarymyzyň bar zähmetini, olaryň sygyrdyr goýun sürülerini, oguldyr gyzlaryny bihaýa butlar ýuwudyp-ýalmap gelýärler.


Utanjymyzda ýatalyň, ryswalyk ýorganymyz bolsun; çünki ata-babalarymyz we biz ýaşlygymyzdan tä şu güne çenli Hudaýymyz Rebbe garşy günä edip geldik. Hudaýymyz Rebbe gulak asmadyk.


Reb şeýle diýýär: «Özlerine rahatlyk gözläp, uzak ýol sökenlerinde, gylyçdan gutulan halk çölde merhemet tapar».


pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?»


Ýöne olar Meniň garşyma gozgalaň turuzdylar, Meni diňlemek islemediler; olaryň hiç biri gözlerine ýakymly görünýän nejis zatlaryny taşlamady, Müsür butlaryny-da terk etmedi. Onsoň Men gahar-gazabymy Müsürde olaryň başyndan inderjekdigimi aýtdym.


«Ysraýyly ýaş wagtynda söýdüm, ony – oglumy Müsürden çagyrdym.


Çölde, gurak toprakda saňa göz-gulak bolan Mendirin.


Ol ýerde Men oňa üzüm bagyny bererin. Akor deresini Umyt geçelgesine öwrerin. Şonda ýaşlyk günlerinde bolşy ýaly, Müsür topragyndan çykanda bolşy kimin, aýdymlar aýdar.


Siziň azgynlyk eden gyzlaryňyza, zyna eden gelinleriňize jeza bermerin. Çünki erkekleriňiz lolynyň tarapynda bolýarlar. Seždegähdäki loly bilen gurbanlyk edýärler. Düşünjesiz halk bolsa heläk bolýar.


Olaryň serhoş oturylyşygy tamamlanandan soň, zyna işe geçýärler. Olaryň serdarlary masgaraçylygy söýýär.


Hamyrmaýaly çörekden şükür sadakasyny hödürläň, meýletin sadakalaryňyzy jar edip mälim ediň, şeýle etmekden sen lezzet alýaň-a, eý, ysraýyl halky! Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Dat günüme meniň! Çünki men tomus miwesiniň, üzümiň galan-gaçanynyň ýygnalyşy kimindirin; ýekeje salkym ýok iýer ýaly; injiriň ilki miwesini küýseýär göwnüm!


Her gezek gotazjyklara gözüňiz düşende, siz Rebbiň ähli tabşyryklaryny ýada salarsyňyz we olary berjaý edersiňiz, ýüregiňiziň we gözleriňiziň islegine kowalaşmarsyňyz.


Olaryň topragyndan önen ilkinji hasylyndan Rebbe getirilenleriniň hemmesi siziňki bolar. Seniň maşgalaňdaky her bir tämiz adam ondan iýip biler.


Ozal eden işleriňizden, ýagny şindi utanýan işleriňizden näme bähbit gördüňiz? Şeýle işleriň soňy ölümdir.


Ol Ýakuby gurak bir ýurtdan tapdy, güwläp ýatan çölden tapdy. Onuň gaýgy-aladasyny etdi, gözüniň göreji deý gorap saklady.


Olar Hudaýa däl-de, jynlara, tanamaýan hudaýlaryna, ata-babalarynyň gorkmadyk hudaýlaryna, ýaňy peýda bolan hudaýlara gurban kesdiler.


Rebbiň Bagalpegorda näme edenini, ýagny Hudaýyňyz Rebbiň Bagalpegor butunyň yzyna eýerenleriň ählisini araňyzdan nähili ýok edenini öz gözüňiz bilen gördüňiz.


Şol günden başlap, Gidegony Ýerubagal diýip atlandyrdylar, sebäbi ol Bagalyň gurbanlyk sypasyny ýykdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ