Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 8:8 - Mukaddes Kitap

8 Ysraýyl ýuwudylandyr. Olar başga milletleriň arasynda dereksiz gap bolup galdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Ысрайыл ювудыландыр. Олар башга миллетлериң арасында дерексиз гап болуп галды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 8:8
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Aşur patyşasy ysraýyllary Aşura ýesir edip äkitdi we olary Halada, Gozandaky Habor derýasynyň ýakasynda we Madaý galalarynda ýerleşdirdi.


Döwlüşi küýzegäriň küýzesiniň döwlüşi kimindir; ol şeýle bir pytrar welin, döwükleriň arasynda ojakdan ot almaga, guýudan suw almaga ýarajak bölek tapylmaz».


Bu Ýehoýakyn diýen adam äsgerilmeýän döwük küýze bolup, hiç kime gerekmejek gapdyr. Ol nesli bilen birlikde özleriniň tanamaýan ýurduna taşlandy.


Möňňüriň, eý, çopanlar! Dady-perýat ediň! Eý, süriniň baştutanlary, küle togalanyň! Çünki geldi öldüriljek, dargadyljak günüňiz, ýykylyp parçalanarsyňyz gymmatly gap kimin.


Mowabyň ähli üçeklerinden we meýdançalaryndan diňe agy sesi gelýär. Çünki Men Mowaby halanmaýan gap kimin döwdüm. Muny Reb aýdýandyr.


Ysraýyl arslanlar kowalap dargadan goýun sürüsine meňzeýär. Ony ilki Aşur patyşasy ýuwutdy, Babyl patyşasy Nebukadnesar soňra onuň süňklerini gemirdi».


Babyl patyşasy Nebukadnesar bizi çeýnedi, bizi owradyp ýenjip, boş gaba öwürdi. Aždarha kimin ýuwutdy bizi, garnyny näz-nygmatdan doýrup, soňra bizi gusup taşlady.


Ähli duşmanlaryň seni ýaňsylaýarlar, sykylyk atyp, dişlerini gyjaýarlar. Olar: «Biz ony ýuwutdyk! Ine, şudy biziň garaşýan günümiz. Ahyry muny-da gördük!» diýip gygyryşýarlar.


Taňry Ýakubyň ähli mekanyny weýran etdi hiç rehimdarlyk etmedi. Ýahuda gyzynyň galalaryny ýykdy gahar-gazaby ýatmady. Patyşalygyny hem hökümdarlaryny masgaralap, ýer bilen ýegsan etdi.


Taňry duşman ýaly bolup, Ysraýyly ýumurdy. Ähli köşklerini ýykyp, galalaryny weýran etdi. Ýahuda gyzynyň ýasdyr ahy-nalasyny has-da köpeltdi.


Sionyň jandan eziz çagalary sap altyndan-da gymmatlydy! Wah, indi küýzegäriň eliniň işi gury bir toýna deň bolup galdy!


Şonuň üçin pygamberlik et-de, şeýle diý: «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Sizi harabaçylyga öwrüp, her tarapdan weýran etdiler. Şeýdip, siz milletleriň galyndysyna mülk bolduňyz, agza-dile düşüp, ile gürrüň bolduňyz“».


Men sizi gelmişek milletleriň arasyna pytradyp, garşyňyza uruş turzaryn. Siziň ýurduňyz çolaryp, galalaryňyz haraba öwrüler.


Hudaý Öz gudratyny görkezmek üçin, heläkçilige doglan adamlaryň üstüne gazabyny döküp bilýär. Ýöne Ol Özüni gazaplandyrýan adamlara uly sabyr-takatlyk edýändir!


Reb sizi duşmanlaryňyzyň öňünde ýeňlişe sezewar eder. Siz olaryň garşysyna bir tarapdan hüjüm etseňiz, yzyňyza gaçanyňyzda çar tarapa gaçarsyňyz. Başyňyzdan inen bela-beterler ýer ýüzündäki ähli şalyklary howsala salar.


Reb sizi ýeriň bir ujundan beýleki ujuna çenli ähli halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Ol ýerde siz özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamadyk we bilmedik agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ