Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 8:7 - Mukaddes Kitap

7 Olar ýel ekip, tupan orarlar. Sümmülsiz bugdaý un bermez. Hasyl beräýse-de, özgeler iýer.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Олар ел экип, тупан орарлар. Сүммүлсиз бугдай ун бермез. Хасыл берәйсе-де, өзгелер иер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 8:7
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olardan soň bolsa ýedi sany gündogar ýeline guran puç sümmül ösüp çykýarmyş.


Aşur patyşasy Pul Ysraýyla hüjüm etdi. Menahym öz patyşalygyny kuwwatlandyrmaga kömek ederi ýaly, Pula bir müň ýedi ýüz batman kümüş berdi.


Ysraýyl patyşasy Pekanyň döwründe Aşur patyşasy Tiglatpileser gelip, Yýony, Abelbeýtmagakany, Ýanowany, Kedeşi, Hasory, Gilgady, Jeliläni we tutuş Naftaly ýurduny basyp alyp, olaryň halklaryny Aşura ýesir edip äkitdi.


Görşüme görä pislik sürümini geçirip, hasraty ekýänler, şony-da orýandyrlar.


Adalatsyzlyk ekýän bela-beter orar, gazabyň taýagyndan heläk bolar.


Ömürboýy çöregini garaňkylyk, gaýgy-gussalyk, hassalyk we gazap içinde iýýändir.


olary eken günüň ösdürseň-de, oturdylanlary ertesi gülletseň-de, hassalyk we emsiz dert gününde hasylyň ýele sowrular.


Näme üçin puluňy çörek bolmajak zada, zähmetiňi doýurmajak zada sarp edýäň? Meni ünsli diňläň, ýagşy zady iýiň, janyňyz näz-nygmatlardan lezzet alar.


Çünki Reb alaw bilen gelýär, söweş arabalary tüweleý dek, lowlaýan gazabyny, käýinjini ýalynly alaw kimin döker.


Olar bugdaý ekip, tiken ordular, gara zähmet çekip, haýyr görmediler. Rebbiň gahar-gazabyndan ýaňa alan hasyllaryna utansynlar.


Şonuň üçin beren gallamy öz wagtynda Men yzyna alaryn, öz möwsüminde täze şerabymy gaýdyp alaryn. Ýalaňaç bedenini örtýän ýüňümi, zygyrymy yzyna alaryn.


Onuň güýjüni özgeler iýýär. Parhyna barmady. Saçyna çal sepildi. Muny bilmeýär.


Efraýym keselledi, köki gurady. Olar miwe bermezler. Çaga dogursalar-da, Men eziz çagalaryny öldürjek».


Reb giň göwünli we gudratlydyr, Ol ýazyklyny jezasyz goýmaz. Rebbiň ýoly tupanly we gaýlydyr, bulutlar Onuň aýak tozudyr.


Siz köp ekip, az hasyl alýarsyňyz, iýip doýmaýarsyňyz, içip ganmaýarsyňyz, geýinýärsiňiz, ýöne ýylynmaýarsyňyz, gazanjyňyz düýbi deşik pul torba düşýär“».


Öz-özüňizi aldamaň: Hudaý Özüni ýaňsyladýan däldir. Adam näme ekse, şony hem orýandyr.


Öz höweslerini kanagatlandyrmak isleýän özüni weýran eder. Emma Mukaddes Ruhy kanagatlandyrmak isleýän baky ýaşaýşy alar.


Tanamaýan bir halkyňyz ýeriňiziň hasylyny iýip, çeken agyr zähmetiňiziň hözirini görer. Siz dyngysyz ezilip gynalarsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ