Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 8:6 - Mukaddes Kitap

6 Çünki bu but Ysraýylyň işidir. Ony ussa ýasady. Ol Hudaý däldir. Samariýanyň gölesi bölek-bölek bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Чүнки бу бут Ысрайылың ишидир. Оны усса ясады. Ол Худай дәлдир. Самарияның гөлеси бөлек-бөлек болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 8:6
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýle hem ol Ysraýyla günä etdiren Nebadyň ogly Ýarobgamyň Beýtelde guran gurbanlyk sypasyny seždegäh bilen birlikde ýykdy. Ýoşyýa seždegähi kül-peýekun edip, ony ýakdy we Aşera butuny hem ýakdy.


Mundan başga-da Ýoşyýa Samariýanyň galalaryndaky ähli seždegähleri ýok etdi. Ol ýerleri Ysraýyl patyşalary gurup, Rebbiň gaharyny getiripdiler. Ýoşyýa Samariýadaky seždegähleri-de, edil Beýteldäki gurbanlyk sypasyny edişi ýaly etdi.


Indi siz Dawudyň ogullarynyň elinde bolan Rebbiň patyşalygyna garşy durup bileris diýip pikir edýärsiňiz. Çünki siziň sanyňyz juda köpdür hem-de Ýarobgamyň hudaýlar hökmünde siziň üçin ýasan altyn göleleri ýanyňyzdadyr.


Pesah baýramy tamamlanandan soň, ol ýerdäki bütin ysraýyl halky Ýahuda galalaryna gidip, dikme daşlary kül-owram edip, Aşera butlaryny kesdiler. Bütin ýahuda, benýamin, efraýym we günbatardaky manaşa tireleriniň ýaşaýan ýerlerinde bolan seždegähleri we gurbanlyk sypalarynyň ählisini ýok etdiler. Onsoň ysraýyl halkynyň hersi öz galalaryna, öz mülklerine dolandy.


Her bir adam akmak hem nadandyr, her zergär ýasan butlaryndan uýada galar, olar ýasalandyr, olarda jan ýokdur.


Ysraýyl halky bil baglan Beýtelinden nähili utanan bolsa, Mowap-da öz hudaýy Kemoşdan utanar.


«Milletler arasynda yglan ediň, olara eşitdiriň, bir baýdak dikiň. Hiç zady gizlemän, şuny jar ediň: „Babyl basylyp alyndy, Bel hudaýy utanja galdy, Merodak hudaýy bölek-bölek edildi. Onuň heýkelleri masgara boldy, nejis butlary parçalandy“.


Olaryň ýüregi ýalançylykdan doldy. Ýazyklaryna görä jeza alarlar. Reb olaryň gurbanlyk sypalaryny dargatjak, dikme daşlaryny syndyrjak.


Indi günä üstüne günä edýärler. Kümüşden özlerine butlar edinýärler. Butlar ussatlyk bilen ýasalýar. Hemmesi ussanyň işidir. Adamlara: «Gurbanlyk etsinler! Göleleri öpsünler» diýýärler.


Şu dileg bilen Rebbe dolanyň. «Bar etmişlerimizi geç. Ýagşy dileglerimizi kabul et. Öküz gurbanlygyna derek alkyş gurbanlygyny hödür ederis.


«Ähli butlary bölek-bölek ediler, haram gazançlarynyň bary oda ýakylar, butlarynyň baryny ýok ederin, çünki bulary loly gazanjy bilen toplady. Olar ýene-de loly gazanjyna öwrüler» diýýär Reb.


Hünärmendiň ýasan oýma we guýma butlarynyň, ýalançylygy öwretmekden başga ne haýry bar? Ýasalan zat diňe but bolup, gepläp bilmese-de, hünärment öz ýasan zadyna bil baglaýar.


Hawa, biz Hudaýyň zürýatlarydyrys. Şonuň üçin-de, biz Ony ynsan sungaty we hünäri arkaly altyndan, kümüşden ýa-da daşdan ýasalan heýkele meňzetmeli däldiris.


Emma Pawlusyň: „Ynsan eli bilen ýasalan hudaýlar asla hudaý däldir“ diýip, diňe Efesde däl, eýsem, bütin Aziýa welaýatynda köp adamlary ynandyryp azdyrandygyny-da görüp-eşidýänsiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ