Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 8:4 - Mukaddes Kitap

4 Menden soraşman, özlerine patyşalar bellediler. Menden soragsyz serdarlary seçdiler. Kümüşden, altyndan özlerine weýrançylyk getirýän butlar ýasadylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Менден сорашман, өзлерине патышалар белледилер. Менден сорагсыз сердарлары сечдилер. Күмүшден, алтындан өзлерине вейранчылык гетирйән бутлар ясадылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 8:4
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, patyşa pikirini jemläp, iki sany altyn göle ýasap, halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Iýerusalime şu wagta çenli gatnanyňyz besdir. Eý, ysraýyllar, sizi Müsürden çykaran hudaýlaryňyz şulardyr».


Bu günä iş Ýarobgamyň nesilleriniň ýer ýüzünden tutuşlygyna ýok bolmagyna getirdi.


Ahaba Nebadyň ogly Ýarobgamyň günäli ýollaryndan ýöremekligiň özem ýeterlikdi, ýöne ol onuň üstesine sidonlylaryň patyşasy Etbagalyň gyzy Izebele öýlenip, Bagala sežde etdi.


Heý, ynsan özüne hudaýlar ýasarmy? Olar hudaý däl ahyryn!


Edýän ähli jenaýatlaryňyzy özüňizden aýryň, täze ýürek we täze ruh ediniň! Eý, ysraýyl halky, siz näme üçin öljek bolýarsyňyz?


Nebukadnesar patyşa bir altyn heýkel ýasatdy. Onuň boýy altmyş, ini alty tirsekdi. Patyşa heýkeli Babyl welaýatynyň Deýra diýen düzlüginde dikdi.


Efraýym geplände, adamlar titreşdi. Onuň Ysraýylda mertebesi beýgeldi. Ýöne Bagal butuna sežde etmekden günäli bolup öldi.


Men gaharly wagtymda saňa patyşa berdim. Gazabym joşanda bolsa aýyrdym.


Indi günä üstüne günä edýärler. Kümüşden özlerine butlar edinýärler. Butlar ussatlyk bilen ýasalýar. Hemmesi ussanyň işidir. Adamlara: «Gurbanlyk etsinler! Göleleri öpsünler» diýýärler.


Ýöne ol bilmedi, gallany, täze şeraby, täzeje ýagy beren, Bagal butuna harçlan altynyny, kümşüni bol eden Men.


Ysraýyl ýagşylygy ret etdi. Duşman ony yzarlar.


Emma giýew: „Size dogrusyny aýdýaryn, men sizi asla tanamok“ diýip jogap berýär.


Öý eýesi turup, gapyny gulplanda, siz daşarda galyp, gapyny kakarsyňyz we: „Aga, bize gapyny açaý-da!“ diýip ýalbararsyňyz. Ol hem size: „Men sizi tanamok, nireden geleniňizi-de bilemok“ diýip jogap berer.


Emma ol ýene-de: „Men sizi tanamok! Niredendigiňizi-de bilemok! Ýok boluň ýanymdan, eý, erbetler!“ diýip jogap berer.


Men gowy çopandyryn. Edil Atamyň Meni, Meniňem Atamy tanaýşym ýaly, Men goýunlarymy tanaýandyryn. Olar-da Meni tanaýandyrlar; Men goýunlarym üçin janymy pida edýärin.


Indi bolsa siz Hudaýy tanaýarsyňyz, dogrusy, Hudaý tarapyndan tanalýansyňyz. Şundan soň siz nädip şol ejiz we ýaramaz ýörelgelere dolanýarsyňyz?! Ýa-da gaýtadan olaryň guly bolmak isleýärsiňizmi?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ