Ylýas bütin halka golaý gelip, şeýle diýdi: «Siz haçana çenli iki göwünli bolup, yraň atyp ýörjeksiňiz? Eger Reb Hudaý bolsa, onda Onuň yzyna eýeriň, eger-de Bagal hudaý bolýan bolsa, onda onuň yzyna eýeriň». Halk oňa hiç hili jogap gaýtarmady.
Bu işler tamamlanandan soň, baştutanlar meniň ýanyma gelip: «Ysraýyl halky we ruhanylardyr lewiler bu ýeriň halklaryndan, ýagny kenganlardan, hetlerden, perizlerden, ýabuslardan, ammonlardan, mowaplardan, müsürlilerden, amorlardan we olaryň nejis işlerinden özlerini aýry tutup bilmediler» diýdiler.
Şonuň üçin ýerli halklar bilen gyz alşyp-berişmäň. Hiç haçan olaryň salamatlygyny we abadanlygyny agtarmaň. Şonda siz güýçlenip, ol ýeriň näz-nygmatlaryndan iýip, ony nesilleriňize ebedilik miras galdyrarsyňyz“ diýipdiň.
Efraýym keselini, Ýahuda ýarasyny görende, Efraýym Aşuryň ýanyna gitdi. Beýik patyşadan ýardam isledi. Ýöne ol size şypa berip bilmez, ýaraňyza em etmez.
Ýahuda dönüklik edip, Ysraýylda we Iýerusalimde nejis iş etdi. Ýahuda keseki hudaýa sežde edýän gyza öýlenip, Rebbiň halaýan mukaddes öýüni harama çykardy.
Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Ol ýa birini ýigrenip, beýlekisini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmersiňiz.