Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 7:7 - Mukaddes Kitap

7 Olaryň barysy tamdyr ýaly gyzgyn Öz hökümdarlaryny heläk edýärler. Olaryň patyşalarynyň barysy ýykyldy. Hiç biri Meni çagyrmaýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Оларың барысы тамдыр ялы гызгын Өз хөкүмдарларыны хеләк эдйәрлер. Оларың патышаларының барысы йыкылды. Хич бири Мени чагырмаяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 7:7
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Bagşa ýahuda patyşasy Asanyň şalygynyň üçünji ýylynda Nadaby öldürip, onuň ýerine özi patyşa boldy.


Zimri galanyň basylyp alnanyny görende, patyşa köşgüniň içki galasyna girip, patyşanyň köşgüne ot berip, oda ýanyp öldi.


Omrynyň yzyna eýeren halk, Ginatyň ogly Tibniniň yzyna eýeren halkdan güýçli bolup çykdy. Şeýdip, Tibni ölüp, Omry onuň ornuna patyşa boldy.


Ýehu öz adamlaryna: «Bulary diri tutuň» diýdi. Olar Ahazýanyň garyndaşlaryny diri tutup, şol ýerdäki Beýteket guýynyň ýanynda olaryň kyrk ikisini hem öldürdiler. Ýehu olardan ýekejesini hem diri galdyrmady.


Olar haty alyp, onda aýdylyşy ýaly patyşanyň ogullarydyr agtyklarynyň ýetmişisini hem tutup, olaryň kellelerini kesdiler. Olar patyşa ogullarynyňdyr agtyklarynyň kellelerini sebede salyp, Ýizregele Ýehuwyň ýanyna iberdiler.


Ýabeşiň ogly Şallum Zakarýa garşy dildüwşük gurap, ony halkyň öňünde urup öldürdi-de, onuň ýerine özi patyşa boldy.


Onsoň Gadynyň ogly Menahym Tirsadan çykyp, Samariýa geldi. Ol Samariýada Ýabeşiň ogly Şallumy öldürip, özi onuň ýerine patyşa boldy.


Öz serkerdesi Remalýanyň ogly Peka elli sany gilgatly bilen Pekahýa garşy dildüwşük gurady. Peka Samariýada köşgüň içki galasynda Argop we Arýe bilen birlikde Pekahýanyň üstüne hüjüm edip, ony öldürip, ýerine özi patyşa boldy.


Onsoň Elanyň ogly Hoşeýa Remalýanyň ogly Peka garşy dildüwşük gurap, onuň üstüne hüjüm etdi we ony öldürdi. Soňra Uzyýanyň ogly Ýotamyň patyşalygynyň ýigriminji ýylynda Hoşeýa Pekanyň ýerine patyşa boldy.


Ýehu bar güýji bilen ýaýyny çekip, Ýoramyň iki egniniň ortasyndan urdy. Ok onuň ýüreginden geçip, ol öz söweş arabasyna ýykyldy.


Ýehu olara: «Izebeli ýere taşlaň» diýip gygyrdy. Şeýdip, olar Izebeli ýere taşladylar. Onuň gany diwaryň, atlaryň ýüzüne syçrady. Atlar onuň jesedini basgyladylar.


Hudaýsyzlar gahar-gazaby içinde saklaýarlar, Hudaý olary jezalandyrsa-da, Ondan ýardam dilemeýärler.


onuň nazarynda ret edilen ýigrenji, emma sylaýandyr Rebden gorkýany; eden ähti zyýanyna bolsa-da, ondan dänmeýän;


Emma sen, eý, Ýakup, çagyrmadyň Meni, eý, Ysraýyl, Menden irdiň sen!


Özüne umyt baglaýanlar üçin şeýle işleri eden Hudaýy owaldan bäri ne gulak eşidipdi, ne-de göz görüpdi.


Haram adam deý bolduk ählimiz, ähli dogry işlerimiz haram esgi deý. Solýarys biz ýaprak deý, ýel dek alyp gidýär ýazyklarymyz bizi.


Seniň adyňy tutýan, Saňa daýanjak bolup, oýanýan ýok; Sen ýüzüňi gizlediň bizden, bizi ýazyklarymyzyň ygtyýaryna berdiň.


Özüne jeza Berene tarap öwrülmedi halk, Hökmürowan Rebbe tabyn bolmady.


Ýurdy heläk etmezligim üçin diwary täzeden bejerip, onuň gädiginde ýurt üçin öňümde durup biljek bir adam agtardym, ýöne tapyp bilmedim.


Edil Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly, bu belalaryň ählisi biziň başymyzdan indi. Emma biz etmişlerimizden el çekip, Hudaýymyz Rebden mähir-muhabbet dilemedik, Onuň hakykatyna pitiwa etmedik.


Seni halas eder ýaly, seniň patyşaň nirede? Sen: „Maňa patyşa hem hökümdar ber“ diýipdiň. Seniň şäherleriňdäki hökümdarlar nirede?


Olar günälerini boýun alyp, Meniň huzurymy ýürekden agtarýançalar, hasratly ýagdaýda meni yzlaýançalar, Men öz mekanyma giderin».


Ysraýylyň tekepbirligi özüne garşy şaýatlyk edýär. Şonda-da olar öz Hudaýy Rebbe dolanmaýarlar. Barybir Ony gözlemeýärler.


Ýüreklerinden maňa perýat etmeýärler. Düşegiň üstünde ýatyp uwlaýarlar. Galla ýa-da täze şerap üçin tenine ýara salýarlar. Menden bolsa ýüz öwürýärler.


Menden soraşman, özlerine patyşalar bellediler. Menden soragsyz serdarlary seçdiler. Kümüşden, altyndan özlerine weýrançylyk getirýän butlar ýasadylar.


Düşeginde pislik oýlaýanlaryň, niýetini ýamana düwýänleriň, dat gününe! Daň atanda niýetlerini amala aşyrýarlar, çünki olaryň muňa güýji ýetýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ