Onsoň Ysraýylyň patyşasy Ahap dört ýüze golaý pygamberi toplap, olardan: «Men Ramotgilgada hüjüm edeýinmi ýa-da etmäýinmi?» diýip sorady. Olar: «Hüjüm et, çünki Reb ony seniň eliňe berer» diýdiler.
pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?»
Çünki Omry şanyň parzlaryna, Ahap nesilleriniň pis işlerine eýerdiňiz, geňeşlerine uýduňyz. Şonuň üçin Men sizi haraba öwrerin, ilatyňyzy ile ryswa ederin; halkymyň kemsitmesini çekersiňiz».
Olar Hudaýyň adalatly Kanunyna görä şeýle işleri edýänleriň ölüme mynasypdygyny bilseler-de, öz edýän işlerinde ilerleýärler. Munuň bilen çäklenmän, başgalaryň hem şeýle etmegini oňlaýarlar.