Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 7:16 - Mukaddes Kitap

16 Olar ýok zada ýüz tutýarlar. Olar ygtybarsyz ýaýa meňzeýärler. Olar zäherli dilinden, emeldarlary gylyçdan ýykylar. Munuň üçin Müsürde olaryň üstünden güljekler».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Олар ёк зада йүз тутярлар. Олар ыгтыбарсыз яя меңзейәрлер. Олар зәхерли дилинден, эмелдарлары гылычдан йыкылар. Мунуң үчин Мүсүрде оларың үстүнден гүлҗеклер».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 7:16
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Haçana çenli janym gaýgy etmeli, ýüregim-de uzakly gün gussa çekmeli? Haçana çenli duşmanym üstün çykarka?


Nazar sal-da, maňa jogap ber, ýa Beýik Hudaýym! Gözlerime nur ber, ölüm ukusyna gitmezim ýaly.


Duşmanym: «Ondan ökde geldim» diýmesin, ýykylmaýyn, ýagylarym, goý, şatlanmasyn.


Ol gökleri böwsüp, aşaga indi, zulmat aýaklarynyň astynda bardy.


Akmaklar ýüreginde: «Hudaý ýok» diýýärler. Olar azýarlar we ýigrenji işleri edýärler; ýagşylyk edýän ýok.


Erbetler ene ýatgysyndan bäri dogry ýoldan azaşandyrlar, dünýä inenleri bäri ýalan sözläp, ýalňyşýandyrlar.


Biz görmeýäris gudratly alamatlary, indi hiç bir pygamber hem ýok; haçana çenli şeýle boljagyny bilýän aramyzda ýok.


Iýerusalimiň büdreýändigi, Ýahudanyň ýykylýandygy üçin, Rebbiň şöhratly barlygyny äsgermän sözleriniň we edýän işleriniň Rebbe garşy bolandygy üçin şeýle bolar.


Şonda halk: «Geliň, Ýermeýa garşy dil düwşeliň. Ruhanylaryň öwretjek kanuny-da, akyldarlaryň berjek maslahaty-da, pygamberleriň aýan etjek sözi-de ýeterlik ahyryn. Geliň, oňa dilimiz bilen hüjüm edeliň, hiç bir sözüne gulak asmalyň» diýdi.


Bu ähli zatlara garamazdan, onuň haýyn uýasy Ýahuda Maňa çyn ýürekden däl-de, ýalandan dolandy». Muny Reb aýdýandyr.


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Iýerusalim halkynyň üstüne gahar-gazabymy döküşim ýaly, Müsüre gitseňiz, siziň üstüňize-de gaharymy dökerin. Siz nälete, howpa, utanja we gargyşa sezewar bolarsyňyz. Bu ýere gaýdyp gelmersiňiz“.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Sen uýaňyň çuň we giň käsesinden içersiň, bu käsäniň pürepürdigi sebäpli, seniň üstüňden gülnüp masgara bolarsyň.


Olar milletleriň arasynda, her bir baran ýerlerinde Meniň mukaddes adyma ysnat getirdiler. Olar hakda „Bular Rebbiň halky dälmi näme? Onda näme üçin olar Onuň ýurdundan çykaryldylar?“ diýildi.


Ol Beýik Hudaýa garşy küpür geplär, Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryny ezer. Baýramçylyk senelerini we kanunyny üýtgetmäge dyrjaşar. Onsoň bular bir wagta, iki wagta, ýarym wagta çenli bu patyşanyň eline berler.


Olar Müsüre dolanarlar. Aşur olara patyşalyk eder. Çünki olar tobany terk etdiler.


Menden dänmek pikiri halkymyň ýüregine kök urdy. Beýik Hudaýy çagyrsalar-da, olara hiç medet bermez.


«Eý, Efraýym, saňa näme edeýin? Eý, Ýahuda, seniň bilen näme etmeli? Siziň söýgiňiz säher dumany, ýerdäki çyg ýaly, basym ýok bolýar.


Olaryň dat gününe! Çünki Menden daşlaşdylar. Bela insin başlaryna! Çünki Maňa garşy baş göterdiler. Men olary halas ederdim. Ýöne olar Men barada ýalan söz aýtdylar.


Siz Rebbiň topragynda ýaşamarsyňyz. Efraýym Müsüre dolanjak. Aşurda haram zatlar iýersiňiz.


Ysraýyl halky içgi sadakasyny Rebbe bermez. Gurbanlyklaryndan Ol razy bolmaz. Onuň nany ýashana ýeriniň çöregi ýaly, ondan iýenler haram bolarlar. Çünki olaryň nany diňe garyn doýurmak üçindir. Ol Rebbiň öýüne getirilmez.


Olar weýrançylykdan gutulsalar-da, Müsür olary ýygnap alar. Memfis şäheri olary gabra gömer. Kümüş hazynasyny demirtiken örter. Çadyrlarynda ýandak biter.


Reb: «Maňa garşy bihaýa sözler aýtdyňyz» diýýär. Siz bolsa: «Biz Saňa garşy näme aýdypdyrys?» diýýärsiňiz.


Siz, ine, şeýle diýdiňiz: «Hudaýa gulluk etmek bidereklikdir. Hökmürowan Rebbiň buýrugyny berjaý etmekden we Onuň öňünde ýas tutup gezmekden biz näme peýda görýäris?


Men size şuny diýýärin: adamlar aýdan her bir boş sözi üçin kyýamat güni hasap bererler.


Daşly ýere düşenler bolsa sözi eşidenlerinde, şatlyk bilen kabul edýän adamlardyr. Ýöne olarda kök ýokdur. Olar az wagtlaýyn iman edip, synag wagty imandan dänýärler.


Edil şunuň ýaly, dil hem bedeniň bir kiçijik agzasy bolsa-da, beýik işler bilen öwünýändir. Pikir ediň, kiçijik bir uçgun äpet tokaýy ýakyp köýdürýändir.


Dogruçyl Lut bu halkyň arasynda ýaşap, olaryň nähak işlerini görüp-eşitmek bilen, öz dogruçyl kalbynda günsaýyn ejir çekerdi.


Jandara tekepbir we Hudaýa dil ýetirýän sözleri sowurýan bir agyz berildi. Şeýle hem oňa öz ygtyýaryny kyrk iki aýlap ulanmaklyk hukugy berildi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ