Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 7:10 - Mukaddes Kitap

10 Ysraýylyň tekepbirligi özüne garşy şaýatlyk edýär. Şonda-da olar öz Hudaýy Rebbe dolanmaýarlar. Barybir Ony gözlemeýärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Ысрайылың текепбирлиги өзүне гаршы шаятлык эдйәр. Шонда-да олар өз Худайы Реббе доланмаярлар. Барыбир Оны гөзлемейәрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 7:10
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Öz mukaddes ybadathanasyndadyr; Onuň tagty göklerdedir. Onuň gözleri synlaýar, nazary adamzady barlaýar.


Kämil gezýän, dogry iş edýän, hem-de ýüreginden hakykaty sözleýän,


Akmagy sokuda galla garyp, sokudaşy bilen döwseň-de, ondan akmaklygy aýrylmaz.


gündogardan siriýalylary, piliştlileri günbatardan. Olar Ysraýyly ýuwudarlar, agyzlaryny açarlar-da. Ýöne Rebbiň gazaby sönmändi şonda-da, eli entek-de jeza bermäge taýyn.


Özüne jeza Berene tarap öwrülmedi halk, Hökmürowan Rebbe tabyn bolmady.


Şonuň üçin ýagmyrlaryň yzy kesildi, ýaz ýagşy ýagmady. Sen bihaýa lola meňzediň, utanjyň nämedigini bilmediň.


Men ölüler dünýäsiniň gazabyndan gutarmaýynmy olary? Olary ölümden halas etmäýinmi? Eý, ölüm, hany seniň gyrgyn keseliň? Eý, ölüler dünýäsi, hany seniň weýrançylygyň? Nazarymdan rehimi aýraryn.


Ysraýylyň tekepbirligi özüne garşy şaýatlyk edýär. Ysraýyl hem Efraýymyň günälerine büdräp ýykylar. Ýahuda hem birlikde ýykylar.


«Geliň, Rebbe dolanalyň. Ol bizi parçalady. Özi şypa berer. Bizi ýaralady. Indi ýaramyzy daňar.


Olaryň barysy tamdyr ýaly gyzgyn Öz hökümdarlaryny heläk edýärler. Olaryň patyşalarynyň barysy ýykyldy. Hiç biri Meni çagyrmaýar.


Rebden ýüz öwrenleri, Rebbi agtarmaýanlary, Ondan maslahat almaýanlary bu ýerden ýok ederin».


Ata-babalaryňyz ýaly bolmaň. Öňki pygamberler olara ýüzlenip, şuny jar etdiler: Hökmürowan Reb ýaman ýollaryňyzdan, pis işleriňizden el çekiň diýýär. Ýöne olar muny diňlemediler, Maňa gulak asmadylar. Muny Men – Reb aýdýandyryn.


Düşünýän asla ýok, Hudaýy agtarýan-da ýok.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ