Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 6:9 - Mukaddes Kitap

9 Garakçylar adamy nähili peýleýän bolsa, Ruhanylaryň topary-da şeýle. Şekem ýolunda ganhorlyk edip, erbet jenaýata ulaşýarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Гаракчылар адамы нәхили пейлейән болса, Руханыларың топары-да шейле. Шекем ёлунда ганхорлык эдип, эрбет җенаята улашярлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 6:9
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybram Kenganyň içi bilen Şekemiň golaýyndaky Moredäki dub agajyna çenli gitdi. Ol döwürlerde kenganlar şol ýerde ýaşaýardylar.


Onsoň Ýarobgam Efraýym daglyk ýurdunda Şekem galasyny bina edip, şol ýerde mesgen tutdy. Soňra ol Şekemden gidip, Penuwaly bina etdi.


Onsoň birinji aýyň on ikinji güni biz Ahawa derýasynyň boýundan Iýerusalime bakan ýola rowana bolduk. Ýolda Hudaýymyz biziň bilen bile bolup, Ol bizi ýoldaky garakçylardan we duşman elinden halas etdi.


Reb maňa şeýle diýdi: «Ýahuda halky bilen Iýerusalimiň ilatynyň arasyndaky dildüwşügiň üsti açyldy.


Onuň içindäki hökümdarlary arlap awuny parçalaýan arslan kimindir; olar adamlary ýuwutdylar, baýlyk we mal-mülk aldylar, öz içinde dullaryň sanyny köpeltdiler.


Aralaryndaky ýolbaşçylary haram gazanç üçin gan dökmekde, adam janyny ýok etmekde awuny parçalaýan gurtlar kimindir.


Gan dökmek üçin araňyzda töhmetçiler bar. Öz araňyzdakylar daglaryň üstünde gurbanlyk iýdiler we haýasyzlyk etdiler.


Men seniň Müsürden getiren haýasyzlygyň we zynagärligiň soňuna çykaryn. Sen olara indi gabagyňy galdyrmarsyň, Müsüri gaýdyp ýatlamarsyň».


Indi oýnaşlarynyň öňünde aýybyny açaryn, hiç kim ony Meniň elimden halas etmez.


Gargyş we ýalançylyk, ganhorlyk, ogurlyk we zyna. Jenaýatçylyk artýar we gan üstüne gan dökülýär.


«Muny eşidiň, eý, ruhanylar. Dykgat ediň, eý, ysraýyllar! Gulak as, patyşanyň öýi! Siziň üstüňizden höküm çykarylar. Sebäbi siz Mispada duzak bolduňyz. Taborda gurlan tor bolduňyz.


Bize gazylan garymy çuňaltdyňyz. Ýöne Men baryňyzy ýola salaryn.


«Men Ysraýyla em etjek bolsam, Efraýymyň günäleri, Samariýanyň pislikleri aýan bolar. Çünki olar hile gurýarlar. Öýlere ogry girýär, köçede talaňçylyk edýärler.


Muňa gulak asyň, eý, adalaty ýigrenip, hakykaty ýoýýan Ýakup nesliniň baştutanlary! Ysraýyl halkynyň ýolbaşçylary!


Ýer ýüzünde wepadar galmady, ynsanlaryň arasynda dogruçyly ýok. Gan dökmek üçin bukuda ýatýar bary, dogan dogana duzak gurýar.


Içindäki hökümdarlary arlaýan arslanlar ýalydyrlar. Kazylary daňdana deňeç ýeke süňk goýmaýan aç möjekler kimindirler.


Pesah we Petir baýramyna iki gün galypdy. Ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary Isany hile bilen tutup, öldürmegiň ýoluny agtarýardylar.


Onsoň ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler ýokary mejlisi çagyryp: «Näme etmeli? Bu Adam köp gudratlar görkezýär.


Muny eşidenlerinde, olaryň hemmesi batly ses bilen Hudaýa şeýle doga-dileg etdiler: «Eý, Hojaýynymyz Reb! Ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli zady ýaradan Sensiň!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ