Olar Gibgondaky ullakan daşyň ýanyna baranlarynda, Emasa olary garşylamaga çykdy. Ýowap harby geýimdedi, bilinde kemere dakylan gynly gylyjy bardy. Ol ýöräp gelýärkä, gylyjy gynyndan gaçdy.
Abner Hebrona gaýdyp gelende, Ýowap onuň bilen ikiçäk gepleşjek bolýan kişi bolup, ony derwezäniň iç tarapyna çekdi-de, içine urup öldürdi. Şeýdip, Abner Ýowabyň dogany Asaheliň ganyna galandygy üçin öldürildi.
Şeýle hem Seruýanyň ogly Ýowabyň maňa näme edenini hem-de onuň Ysraýylyň iki goşunbaşysyny Neriň ogly Abneri hem-de Ýeteriň ogly Emasany öldürip, näme edenini özüň bilýänsiň. Ol uruş wagtyndaky gan üçin asudalyk wagtynda ar alyp, olary öldürdi. Ýowap eşiklerini uruş döwründäki ýaly gana bulady.
Men bolsam damagy çalynmaga äkidilen ýuwaş bir guzy kimindim. Olaryň: «Geliň, agajy miwesi bilen ýok edeliň, mundan beýläk onuň ady ýatlanmaz ýaly, ony dirileriň ýurdundan kesip taşlalyň» diýip, meniň garşyma hile gurýandyklaryny bilmedim.
Gilgatda etmiş bar, olaryň halky nämynasyp. Gilgalda öküzleri gurbanlyk etdiler. Şol sebäpli olaryň gurbanlyk sypasy sürlen meýdandaky daş üýşmegi ýaly bolar.
«Muny eşidiň, eý, ruhanylar. Dykgat ediň, eý, ysraýyllar! Gulak as, patyşanyň öýi! Siziň üstüňizden höküm çykarylar. Sebäbi siz Mispada duzak bolduňyz. Taborda gurlan tor bolduňyz.
Festusdan özlerine bir ýagşylyk etmegini sorap, Pawlusy Iýerusalime getirmegi üçin ýalbardylar. Aslynda olar buky gurup, ýolda Pawlusy öldürmegiň niýetindediler.