Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 6:7 - Mukaddes Kitap

7 Olar Adam ata ýaly, ähti bozdular, ol ýerde maňa biwepalyk etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Олар Адам ата ялы, әхти боздулар, ол ерде маңа бивепалык этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 6:7
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Beýik Hudaý ondan: «Ýalaňaçdygyňy saňa kim aýtdy? Iýme diýip gadagan eden agajymyň miwesinden iýdiňmi?» diýip sorady.


Aýal bu agajyň miwesiniň iýmit üçin gowudygyny, göze ýakymlydygyny we onuň akyl-paýhas berýändigini görüp, ondan alyp iýdi. Ýanyndaky adamsyna-da berdi, ol hem iýdi.


Olar Rebbiň parzlaryny, atalary bilen eden ähtini, Onuň beren duýduryşlaryny ret etdiler. Olar dereksiz hudaýlaryň yzyna eýerip, özleri hem dereksiz adamlar boldular. Olar Rebbiň: «Töweregiňizdäki milletler ýaly ýaşamaň» diýip tabşyran milletleriniň yzlaryna eýerdiler.


mähelleden juda gorkup, olaryň ýigrenjinden heder edip, dymyp, daşa çykman, ýürekde etmişlerimi gizläp, beýlekiler ýaly ýazyklarymy ýaşyran däldirin.


Öwgi aýdymlary ýaňlanýar ýeriň aňry ujunda: «Dogry Bolana şöhrat!» Emma men: «Garamaňlaý, garamaňlaý! Dat günüme! Dönükler dönüklik edýärler, dönükligi çäksiz olaryň» diýdim.


Ilatlar harama çykardy dünýäni, olar kanunlardan çykdylar, parzlary saklamadylar, ebedi ähti bozdular.


Ne eşitdiňiz siz, ne-de bildiňiz, owaldan gulagyňyz açylmandy. Men siziň dönüklik etjekdigiňizi bildim, doglanyňyzdan bäri size topalaňçy diýildi.


Men ol bu zatlary edenden soň, Maňa tarap öwrüler öýtdüm, emma ol öwrülmedi; muny onuň haýyn uýasy gördi.


Bu äht Meniň olaryň ata-babalarynyň ellerinden tutup, Müsürden çykaran günüm baglaşan ähtim ýaly däldir. Men olaryň Hojaýyny bolsam-da, olar şol ähtimi bozdular». Muny Reb aýdýandyr.


Äht baglaşylanda göläni ikä bölüp, onuň bölekleriniň arasyndan geçýärler. Men hem ähtimi bozup, huzurymda baglaşylan ähtiň şertlerini berjaý etmedikleri edil şol göle kimin ikä bölerin.


Ysraýyl we ýahuda halklary Maňa bütinleý biwepalyk etdiler». Muny Reb aýdýandyr.


Zulum üstüne zulum, ýalan üstüne ýalan ýagýar! Olar Meni tanamakdan ýüz öwürýärler. Muny Reb aýdýandyr.


Olar nikasyz çagalar dogrup, Rebbe biwepalyk etdiler. Täze Aý baýramy olary ekin meýdanlary bilen ýuwudar.


«Surnaýy dodagyňa ýetir. Çünki çaýkel Rebbiň öýüniň üstünden aýlanýar. Olar Meniň ähtimi bozdy, kanunyma garşy çykdylar.


Muňa garamazdan, Adam atadan başlap Musa çenli ýaşanlar Adam atanyňky ýaly günä etmeseler-de, ölüm olaryň üstünden höküm sürdi. Adam ata belli bir derejede özünden soň gelmeli Adamyň, ýagny Isa Mesihiň nusgasy boldy.


Çünki Men olary ata-babalaryna wada eden ýurduma – süýt we bal akýan ýurda getirenimde, olar iýip-içip, garynlary dok bolup mesirgäp, başga hudaýlara sygynyp, olara gulluk ederler. Meni ýigrenip, Meniň ähtimi bozarlar.


Bu äht Meniň olaryň ata-babalarynyň ellerinden tutup, Müsürden çykaran günüm baglaşan ähtim ýaly däldir. Olar Meniň şol ähtime sadyk bolmadylar, şonuň üçin Men olardan ýüz öwürdim. Muny Reb aýdýandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ