Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 6:4 - Mukaddes Kitap

4 «Eý, Efraýym, saňa näme edeýin? Eý, Ýahuda, seniň bilen näme etmeli? Siziň söýgiňiz säher dumany, ýerdäki çyg ýaly, basym ýok bolýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 «Эй, Эфрайым, саңа нәме эдейин? Эй, Яхуда, сениң билен нәме этмели? Сизиң сөйгиңиз сәхер думаны, ердәки чыг ялы, басым ёк боляр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 6:4
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bu ähli zatlara garamazdan, onuň haýyn uýasy Ýahuda Maňa çyn ýürekden däl-de, ýalandan dolandy». Muny Reb aýdýandyr.


Sizi çagalarymyň arasynda ornaşdyryp, size gözel ýurdy – ähli milletleriň iň ajaýyp mirasyny bermekçidim. Siz Meni Atam diýip çagyrarsyňyz, Menden ýüz öwürmersiňiz öýtdüm.


Indi bolsa siz toba edip, Meniň nazarymda dogry işleri etdiňiz. Her biriňiz öz ýewreý doganyňyzyň azatlygyny yglan etdiňiz. Huzurymda, adym dakylan öýde bu barada äht baglaşdyňyz.


Emma bu halk tekepbir we pitneçi. Olar azdylar, ýoldan çykdylar.


«Mundan soň Men seni nädip bagyşlaýyn? Çagalaryň Meni terk etdiler, olar hudaýlaryndan ant içdiler, ýogsam olar Hudaýam däl. Olary doýranymda zyna etdiler, toparlanyşyp, lolularyň öýlerine gitdiler.


Bu zatlar üçin Men olary jezasyz galdyrarynmy? Janym beýle milletden öç almazmy?» Muny Reb aýdýandyr.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men olary eredip, synagdan geçirerin. Biçäre halkymy başga näme edip bilerin?


Eý, Efraýym, Men senden nädip el çekeýin? Seni nädip terk edeýin, eý, Ysraýyl? Adma galasynda bolanlary saňa nädip bereýin? Seboýym galasyna edenimi saňa-da edeýinmi? Kalbymda ýüregim gobsundy. Meniň mährim ýylady.


Şonuň üçin olar säherki ümür ýaly, basym guraýan çyg ýaly, harmandan sowrulýan harpyk dek, tüýnükden çykýan tüsse ýaly boljaklar.


«Men Ysraýyla em etjek bolsam, Efraýymyň günäleri, Samariýanyň pislikleri aýan bolar. Çünki olar hile gurýarlar. Öýlere ogry girýär, köçede talaňçylyk edýärler.


Emma beýle adamda kök ýokdur, çydamsyzdyr. Bu söz üçin muşakgat ýa-da yzarlama bolanda, ol dessine imandan ýüz dönderer.


Ysraýyllar ýene Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler. Reb hem Mowap patyşasy Eglony ysraýyllaryň garşysyna güýçlendirdi, sebäbi ysraýyllar Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ