Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 5:9 - Mukaddes Kitap

9 Efraýym jeza gününde çöle öwrüler. Ysraýyl tireleriniň arasynda Men muny takyk bildirerin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Эфрайым җеза гүнүнде чөле өврүлер. Ысрайыл тирелериниң арасында Мен муны такык билдирерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 5:9
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýyň ýykanyny hiç kim dikeldip bilmez, Onuň gabanyny hiç kim boşadyp bilmez.


Olar Işaýa pygambere şeýle diýdiler: «Hizkiýa patyşa şeýle diýýär: „Şu gün biz hasrat, jeza we ryswalyk astyndadyrys; biziň ýagdaýymyz kuwwaty bolmadyk göwreli aýalyň çaga dogurýan bolşy ýalydyr.


Owaldan ahyra boljagy, heniz bolmadyklary aýan edýärin. Men: «Berjaý bolar maksatlarym, bar isleglerimi amal ederin» diýýärin.


«Geçmişdäkileri owaldan Men beýan etdim, Meniň agzymdan çykdy, Men olary bildirdim; duýdansyz şeýle etdim, olar berjaý boldy.


Bulary size owaldan beýan etdim. „Bulary eden meniň butum, oýma, guýma heýkellerim bulary buýruk berdi“ diýmeziňiz ýaly, berjaý bolmankalar, olary size aýan etdim.


Ýöne oglanyň ýagşyny ýamandan saýgarmagy öwrenmezinden öň, seni gorka salan iki patyşanyň ýurdy terk ediler.


Şonuň üçin Efraýyma güýe ýaly bolaryn, Ýahudanyň neslini çüýrederin.


Men Efraýym üçin bir şir, Ýahudanyň öýi üçin bolaryn arslan. Olary parçalan hut Mendirin. Süýräp äkiderin, olary hiç kim halas etmez.


Olar gidýärkäler Men torumy olaryň üstüne taşlaryn. Asmanyň guşlary ýaly olary aşak indererin. Olara pis işleri üçin temmi bererin.


Ysraýyl ýuwudylandyr. Olar başga milletleriň arasynda dereksiz gap bolup galdy.


Olaryň jeza günleri geldi. Olaryň hasap bermeli günleri ýetdi. Ysraýyl muny bilsin. Etmişleriniň agyr bolany üçin, ýigrenjiniň köplüginden, pygamberi „akmak“, Ruhdan dolanlary bolsa „däli“ saýdylar.


Hakykatdan-da Hökmürowan Reb syryny gullary pygamberlere aýan etmezden hiç zat etmez.


Şonuň üçin Reb şeýle diýýär: „Aýalyň şäherde loluçylyk eder, ogul-gyzlaryň gylyçdan geçiriler, ölçeg ýüpi bilen ýeriň paýlanylar, özüňem haram ýurtda ölersiň, ysraýyl halky öz ýurdundan ýesir edilip äkidiler“».


Yshagyň butlara seždegähleri weýran ediler, Ysraýylyň mukaddes öýleri haraba öwrüler, Ýarobgam kowumyna garşy gylyçly aýaga galaryn».


Şonuň üçin Men size zarba urup, günäleriňiz sebäpli sizi weýran etdim.


Emma gullarym bolan pygamberlere buýran sözlerimdir beren duýduryşlarymy, näme, ata-babalaryňyz ýerine ýetiren däldir öýdýäňizmi? Olar toba edip, Hökmürowan Reb öz tutan ýolumyza hem etmişlerimize görä bize näme etmegi niýetlän bolsa, şony hem etdi diýdiler“».


Bulary Men size häzirden aýdyp goýýaryn. Wagty gelende, bulary size aýdandygymy ýadyňyza salarsyňyz. Size bulary ilkibaşda gürrüň bermedim, sebäbi Özüm siziň bilen biledim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ