Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 5:8 - Mukaddes Kitap

8 Gibgada şah çal, Ramada surnaý. Beýtawende söweş tebilini uruň. „Biz siziň arkaňyzda, Benýamin“ diýip, Beýtawende jar çekiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Гибгада шах чал, Рамада сурнай. Бейтавенде сөвеш тебилини уруң. „Биз сизиң аркаңызда, Бенямин“ дийип, Бейтавенде җар чекиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 5:8
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol altyn göläniň birini Beýtelde, beýlekisini hem Danda goýdy.


Geçelgeden geçýärler olar, Gebada bir gije düşleýärler, Rama şäheri lerzana gelýär, Şawulyň Gibga şäheriniň ilaty gaçýar.


Şuny Ýahudada yglan et, Iýerusalimde jar et: «Ýurtda surnaý çalyň! Batly gygyryp diýiň: „Geliň, üýşüp, berk galalara gireliň!“.


«Eý, benýamin halky, janyňyzy halas etmek üçin Iýerusalimden gaçyň! Tekowada surnaý çalyň, Beýthakeremde bir nyşan dikiň, çünki demirgazykdan bir betbagtlyk, äpet weýrançylyk ýetip gelýär.


Samariýada ýaşaýanlar Beýtaweniň gölesi üçin gorkýarlar. Ilaty onuň üçin ýas tutar. Onuň şöhraty bilen joşan butparaz ruhanylar aglaýarlar. Çünki şöhraty ondan gitdi.


Eý, Ysraýyl, sen zyna etseň-de, Ýahuda bir günäli bolmasyn. Siz Gilgala girmäň, Beýtawene bolsa barmaň. „Rebden ant içýärin“ diýip kasam etmäň.


«Surnaýy dodagyňa ýetir. Çünki çaýkel Rebbiň öýüniň üstünden aýlanýar. Olar Meniň ähtimi bozdy, kanunyma garşy çykdylar.


Gibga günlerinde bolşy ýaly, Olar agyr heläkçilige düşdüler. Ol etmişlerini ýatlar. Olaryň etmişlerine görä jeza bar.


Sionda surnaý çalyň, Meniň mukaddes dagymda howpuň abanýandygyny duýduryň. Goý, ýurduň tutuş ilaty gorkudan sandyrasyn, çünki Rebbiň güni ýetip gelýär – garaňkylyk hem-de zulmat güni ol. Bulutly hem tüm garaňky gündür ol. Köp sanly hem güýçli bir leşger, daglara ýaýraýar daň şapagy deý. Owaldan bäri onuň deňi-taýy bolmandy, soňky nesillerden hem ol deýin bolmaz.


Sionda çalyň surnaýy, jar ediň mukaddes ýygnanyşygy, Agyz beklemäge belläň siz wagty,


Şäherde surnaý çalnar-da, halkda gorky bolmazmy? Rebbiň Özi indermese, şähere bela gelermi?


Ýeşuwa Ýerihodan birnäçe adamy Aý galasyna içalylyk etmek üçin iberdi. Aý galasy Beýteliň gündogar tarapynda, Beýtaweniň ýanynda ýerleşýärdi. Iberilen adamlar Aý galasyna gitdiler we ol ýerleri gowy gözden geçirdiler.


Amalek ýurdundaky efraýym hem benýamin tirelerinden uruş tälimin bilýänler geldiler. Makyrdan ýolbaşçylar geldiler. Zebulundan şa hasasyny göterýänler geldiler.


Soňra Şamuwel Rama, Şawul bolsa öz Gibgadaky öýüne gitdi.


Ol soňra özüniň Ramadaky öýüne gaýdyp, şol ýerden hem Ysraýyla serdarlyk etdi. Ol Ramada Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy.


Ysraýylyň ähli ýaşululary ýygnanyşdylar we Ramada oturýan Şamuweliň ýanyna baryp: «Indi seniň-ä ýaşyň birçene bardy, ogullaryň bolsa seniň yzyňy tutmadylar. Şoňa görä, beýleki milletlerde bolşy deý, üstümizden hökümdarlyk eder ýaly, bize-de bir patyşa belle» diýip, oňa ýüz tutdular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ