Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 5:4 - Mukaddes Kitap

4 Bularyň eden işleri Hudaýa dolanmaga goýmaýar. Çünki olaryň kalbynda zyna ruhy bar. Rebbi hem tanamaýarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Буларың эден ишлери Худая доланмага гоймаяр. Чүнки оларың калбында зына рухы бар. Ребби хем танамаярлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 5:4
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Atalarymyzyň günälerini bize ýükleme, bizi garşylamaga howluksyn Seniň rehimiň, çünki juda tapdan düşendiris biz.


Reb berkitme bolar ezilýänlere, berkitme bolar muşakgatlyk wagtynda.


Olaryň ýüreklerine Meni tanamak islegini salaryn, şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler. Olar Meniň halkym bolar, Men-de olaryň Hudaýy bolaryn, çünki olar tutuş kalby bilen Maňa öwrülerler“.


Babyl butlar ýurdudyr, gorkunç butlar olary dälireder. Goý, onuň suwlary gurasyn, olar takyrap galsyn!


Öwünýän diňe Maňa düşünýänligi we tanaýanlygy bilen öwünsin, ýer ýüzünde sadyk söýgi, adalat we dogruçyllyk bilen hereket edýän Men – Rebdirin. Çünki Men bulardan lezzet alýaryn. Muny Reb aýdýandyr.


Zulum üstüne zulum, ýalan üstüne ýalan ýagýar! Olar Meni tanamakdan ýüz öwürýärler. Muny Reb aýdýandyr.


Ol akylsyz oguldyr. Burgy azaby başlanda – wagty gelende, ol ýatgydan çykmaýar.


«Eý, ysraýyl halky, Rebbiň sözüni eşit, çünki bu ýurtda ýaşaýanlar bilen Rebbiň dawasy bar. Sebäbi ýurtda wepalylyk-da, söýgi-de, Hudaýy tanamaklyk-da ýok.


Siziň azgynlyk eden gyzlaryňyza, zyna eden gelinleriňize jeza bermerin. Çünki erkekleriňiz lolynyň tarapynda bolýarlar. Seždegähdäki loly bilen gurbanlyk edýärler. Düşünjesiz halk bolsa heläk bolýar.


Meniň halkym bilimsizlikden weýran edilýär. Sen bilimi ret edeniňden soň, Men seni Maňa ruhany bolmakdan ret edýärin. Sen Hudaýyň kanunyny unudanyňdan soň, Men-de seniň çagalaryňy unudaryn.


Efraýym samsyk we akylsyz gögerçin ýaly, ýa müsürlileri çagyrýar, ýa Aşura gidýär.


Efraýym günä gurbanlyk bermäge, köp gurbanlyk sypalaryny gurdy. Bu gurbanlyk sypalary günä mesgeni boldy.


Olar bu işleri Atam bilen Meni tanamaýandyklary üçin ederler.


Ýöne siz Ony tanamaýarsyňyz, Men Ony tanaýaryn. Eger Ony tanamaýaryn diýsem, onda Men hem siziň ýaly ýalançy bolaryn. Emma Men Ony tanaýaryn we Onuň sözüni ýerine ýetirýärin.


Eliýiň ogullary ruhany bolsalar-da, ýaramazdylar. Olar Rebbi sylamaýardylar,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ