Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 5:15 - Mukaddes Kitap

15 Olar günälerini boýun alyp, Meniň huzurymy ýürekden agtarýançalar, hasratly ýagdaýda meni yzlaýançalar, Men öz mekanyma giderin».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Олар гүнәлерини боюн алып, Мениң хузурымы йүрекден агтарянчалар, хасратлы ягдайда мени ызлаянчалар, Мен өз меканыма гидерин».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 5:15
51 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar biri-birilerine şeýle diýişdiler: «Biz öz doganymyzyň garşysyna eden günämiz üçin jeza çekýäris. Ol bize nähililer ýalbarypdy, emma biz onuň çekýän hasratyna pisint etmändik. Şol sebäpli-de indi biz hasrat çekýäris».


Ol halkyň öňünde aýdym aýdyp: „Günä etdim, dogry ýoldan çykdym, emma Hudaý maňa jeza bermedi.


Duşmanlarymyzy ýeňmäge bize kömek et, sebäbi ynsan kömegi biderek zatdyr.


Eý, Hudaý, göklerden-de ýokary beýgel, tutuş ýer ýüzüne dolsun Seniň şöhratyň!


Şonda Seniň ýollaryňy bitabynlara öwrederin men, günäkärler hem Saňa öwrüler.


Meni söýýänleri söýýärin, meni yhlas bilen agtarýanlar tapýarlar.


Reb maňa şeýle diýdi: «Günüň howurly yssysy dek, hasyl wagtyndaky çygly bulut dek, mesgenimden ümsüm serederin».


Ýa Reb, hasrat içinde seni agtardylar, Senden temmi alanlarynda, pyşyrdap zordan dileg etdiler.


Ine, Reb dünýäniň ähli ilatyna etmişleri üçin jeza bermäge Öz mekanyndan çykyp gelýär; ýer üstüne dökülen gany äşgär eder, öldürilenlerini ýaşyrmaz indi.


Gije kalbym Seni küýseýär, janym Seni çynlakaý yzlaýar, hökümleriň ýer ýüzündekä, dünýäniň bütin ilaty dogrulygy öwrener.


Olar bir agaja ‘Sen meniň atamsyň’, bir daşa ‘Meni sen dogurdyň’ diýýärler. Olar Maňa ýüzlerini däl-de, ýeňselerini öwürdiler. Emma başlaryndan bela inende, ‘Gel-de, bizi halas et!’ diýýärler.


Emma sen öz ýazygyňy boýun al: öz Hudaýyň Rebbiň garşysyna baş galdyrdyň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda keseki hudaýlara köňül berdiň, Maňa gulak asmadyň. Muny Reb aýdýandyr.


Eý, biwepa halk, Maňa dolan, muny Men – Reb aýdýandyryn, çünki siziň hojaýynyňyz Mendirin. Men sizi bir-birden şäherden, iki-ikiden urugdan çykaryp, Siona getirerin.


Geliň, ýollarymyzy synap göreliň, täzeden Rebbe gaýdyp baralyň.


Rebbiň şöhraty keruplaryň üstünden aýrylyp, Hudaýyň öýüniň bosagasyna gelip durdy. Hudaýyň öýi bulutdan doldy; howly bolsa Rebbiň şöhratynyň ýalkymyndan doludy.


Rebbiň şöhraty şäherden çykyp, şäheriň gündogaryndaky dagyň üstünde durdy.


Onsoň siz erbet ýollaryňyzy, özüňizi haram eden ähli işleriňizi ol ýerde ýatlarsyňyz we eden ähli pislikleriňizden ýaňa özüňizi ýigrenersiňiz.


Onsoň erbet ýollaryňyzy, pis işleriňizi ýatlap, etmişleriňizden we nejis işleriňizden ýaňa özüňizi ýigrenersiňiz.


Gaçyp gutulanlaryňyz ýesirlige äkidilen ýerlerindäki milletleriň arasynda Meni ýatlarlar. Men olaryň Özümden ýüz öwren zynahor ýüreklerinden, butlarynyň yzyna eýeren zynahor gözlerinden ýaňa ajy hasrat çekdim. Olar ähli nejis işlerinde eden pisliklerinden ýaňa öz-özlerini ýigrenerler.


Ol maňa ýene: «Eý, ynsan ogly! Olaryň näme edýänini görýärsiňmi? Meni mukaddes öýümden daşlaşdyrjak bolup, ysraýyl halky bu ýerde nejis işler edýär. Indi mundan-da beter nejisligi görersiň» diýdi.


Ownukly-irili mal-garalary alyp, Rebbi gözlemäge giderler. Ýöne Ony tapmazlar. Çünki Reb olardan çekildi.


Ine, Reb Öz mekanyndan çykyp, ýer ýüzüne inip, baýyrlarda ýörär.


Halk Musanyň ýanyna gelip: «Rebbe we saňa dil ýetirip, biz günä iş etdik. Ýylanlary aramyzdan aýrar ýaly, Rebden dileg et» diýdiler. Musa halk üçin dileg etdi.


Öý eýesi turup, gapyny gulplanda, siz daşarda galyp, gapyny kakarsyňyz we: „Aga, bize gapyny açaý-da!“ diýip ýalbararsyňyz. Ol hem size: „Men sizi tanamok, nireden geleniňizi-de bilemok“ diýip jogap berer.


Ysraýyllar Rebbe perýat edip, Ondan kömek soradylar, Oňa ýalbardylar, sebäbi Ýabynyň dokuz ýüz sany demir söweş arabasy bardy we ol ýigrimi ýyl bäri ysraýyllary rehimsizlik bilen ezip gelýärdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ