Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 5:14 - Mukaddes Kitap

14 Men Efraýym üçin bir şir, Ýahudanyň öýi üçin bolaryn arslan. Olary parçalan hut Mendirin. Süýräp äkiderin, olary hiç kim halas etmez.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Мен Эфрайым үчин бир шир, Яхуданың өйи үчин боларын арслан. Олары парчалан хут Мендирин. Сүйрәп әкидерин, олары хич ким халас этмез.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 5:14
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şir kimin topulýaň galdyrsam başym, gudratlaryňy maňa garşy ulanýarsyň.


Ýazyksyzdygymy, eliňden hiç kimiň halas etmejekdigini bilýäň.


Ýa Beýik Hudaýym! Seni pena edinýärin men, meni yzarlaýanlaryň baryndan halas et, gutar.


Arryldylary arslanyňky deý, ýaş şirler kimin arlaýarlar; arlap, awuny tutýarlar, ony alyp gidýärler, halas etjek ýok.


Reb arslan deý süreninden çykdy. Onuň lowlaýan gazabyndan ýaňa, zalymlaryň gaharyndan ýaňa, olaň ýurdy harabalyga döndi».


Hudaý meni peýleýän aýydyr, bukuda ýatan arslandyr.


Meniň naharymdan, olar doýdular. Doýandan soň olar tekepbir boldular. Soň olar Meni unutdylar.


Onuň: „Oýnaşlarymyň maňa beren haky“ diýen üzümligini, injir baglaryny weýran ederin. Men olary jeňňele öwrerin, haýwanlara iýmit bolarlar.


«Geliň, Rebbe dolanalyň. Ol bizi parçalady. Özi şypa berer. Bizi ýaralady. Indi ýaramyzy daňar.


Ýüwrük adam gaçyp bilmez, güýçli güýç görkezip bilmez, batyr-da janyny halas edip bilmez.


Ýakubyň neslinden aman galanlary milletleriň, köp halklaryň arasynda jeňňel haýwanlarynyň arasyndaky arslan, goýun sürüsine aralaşan şir çagasy dek bolarlar, arslan deý hüjüme geçende, basgylap, tüýdüm-tüýdüm eder, hiç kim olary onuň penjesinden halas etmez.


Öküziňizi gözüňiziň alnynda soýarlar, emma onuň etinden iýmersiňiz. Edil gapdalyňyzda eşegiňizi ogurlarlar, emma yzyna getirmezler. Goýunlaryňyzy duşmanlaryňyza bererler. Size kömek eden bolmaz.


Indi görüň, ýeke-täk Hudaý Mendirin. Menden başga hudaý ýokdur! Öldürýän-de Mendirin, direldýän-de. Ýaralaýan-da Mendirin, sagaldýan-da, gutuljak ýokdur Meniň elimden.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ