12 Şonuň üçin Efraýyma güýe ýaly bolaryn, Ýahudanyň neslini çüýrederin.
12 Шонуң үчин Эфрайыма гүе ялы боларын, Яхуданың неслини чүйредерин.
Ynsan bir çüýrän zat, güýe degen eşik kimin dargaýar».
Seniň dogrulygyňy ýüregimde men ýaşyrmadym; sadyklygyň, halas edişiň barada men gürrüň berdim; uly jemagatda söýgiňi, sadyklygyňy men gizlemedim.
Mynasyp aýal äriniň başynyň täjidir, binamys aýal bolsa süýegiňi çüýreder.
Oduň sypaly ýalmaýşy kimin, gury otuň alaw içinde aşak çöküşi kimin, olaryň köki-de şeýle çüýrär, gülleri tozan kimin göge sowrular; çünki olar Hökmürowan Rebbiň kanunyny ret etdiler, Ysraýylyň Mukaddesiniň sözüni äsgermediler.
Maňa ýardam edýän Hökmürowan Rebdir. Kim meni günäli çykarjak? Olaryň ählisi geýim deý köneler, olara güýe deger.
Güýe olary eşik kimin iýer, olary ýüň kimin iýer güýe; Men bolsa sizi elmydama azat ederin, asyrlar boýy sizi halas ederin».
Emma ertesi gün daňdan Hudaý bir gurçuk iberdi we ol gurçuk ösümligi içinden iýip, ony guratdy.