Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 5:1 - Mukaddes Kitap

1 «Muny eşidiň, eý, ruhanylar. Dykgat ediň, eý, ysraýyllar! Gulak as, patyşanyň öýi! Siziň üstüňizden höküm çykarylar. Sebäbi siz Mispada duzak bolduňyz. Taborda gurlan tor bolduňyz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 «Муны эшидиң, эй, руханылар. Дыкгат эдиң, эй, ысрайыллар! Гулак ас, патышаның өйи! Сизиң үстүңизден хөкүм чыкарылар. Себәби сиз Миспада дузак болдуңыз. Таборда гурлан тор болдуңыз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 5:1
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki Men siziň ata-babalaryňyzy Müsürden çykaran günümden tä şu güne çenli dyngysyz „Sözüme gulak asyň“ diýip, berk duýduryş berip geldim.


Patyşa bilen onuň ejesine aýt: „Tagtyňyzdan düşüp, aşakda oturyň, çünki şöhrat täjiňiz başyňyzdan aýryldy“.


Ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa şeýle diýýär: „Öz barlygymdan ant içýärin: biri geler – ol daglar içinde beýik Tabor dagy kimindir, deňiz ýakasyndaky Karmel dagy deýdir.


Eý, Beýtel, pisligiňiziň köpdügi üçin, size hem şeýle ediler. Daň atanda ysraýyl patyşasy bütinleý heläk bolar.


Çagalaryndan aýrylan aýy ýaly topularyn, olaryň döşüni çekelärin. Ene arslan kimin olary iýip gutararyn. Wagşy haýwan ýaly olary parçalaryn.


«Eý, ysraýyl halky, Rebbiň sözüni eşit, çünki bu ýurtda ýaşaýanlar bilen Rebbiň dawasy bar. Sebäbi ýurtda wepalylyk-da, söýgi-de, Hudaýy tanamaklyk-da ýok.


Garakçylar adamy nähili peýleýän bolsa, Ruhanylaryň topary-da şeýle. Şekem ýolunda ganhorlyk edip, erbet jenaýata ulaşýarlar.


Pygamber meniň Hudaýymyň Efraýymda goýan garawulydyr. Ýöne onuň ugran ýollarynda duzak gurdular. Hudaýyň öýünde-de oňa ýigrenç bar.


Eý, ýaşulular, diňläň siz muny, siz hem gulak goýuň, tutuş ýurduň ilaty: siziň günleriňizde ýa atalar döwründe, heý-de, bolupmydy şular ýaly zat?


Eý, ysraýyl halky, Rebbiň size, Müsürden çykaran kowumyňyza garşy aýdan bu sözüne gulak goýuň:


Yshagyň butlara seždegähleri weýran ediler, Ysraýylyň mukaddes öýleri haraba öwrüler, Ýarobgam kowumyna garşy gylyçly aýaga galaryn».


Men-Mika diýdim: «Gulak goý, eý, Ýakup nesliniň baştutanlary, Ysraýyl halkynyň hökümdarlary! Adalaty bilmeli siz dälmi näme?


Muňa gulak asyň, eý, adalaty ýigrenip, hakykaty ýoýýan Ýakup nesliniň baştutanlary! Ysraýyl halkynyň ýolbaşçylary!


Ýer ýüzünde wepadar galmady, ynsanlaryň arasynda dogruçyly ýok. Gan dökmek üçin bukuda ýatýar bary, dogan dogana duzak gurýar.


Eý, Meniň adymy kemsidýän ruhanylar, Hökmürowan Reb size şeýle diýýär: «Ogul atasyny, gul hojaýynyny sylaýar. Eger Men ata bolsam, hany Maňa sylag-hormatyňyz? Eger Men hojaýyn bolsam, hany siziň Menden gorkyňyz? Gaýtam siz: „Biz nädip Seniň adyňy kemsitdik?“ diýýärsiňiz.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Indi, eý, ruhanylar, bu buýruk siziň üçindir. Eger diňlemeseňiz, adymy şöhratlandyrmagy ýürekden islemeseňiz, onda Men siziň üstüňize nälet ibererin we alkyşlaryňyzy nälete öwrerin. Men olary eýýäm näletledim, sebäbi siz muny ýürekden islemediňiz.


Abynogamyň ogly Baragyň Tabor dagyna çykandygyny Sisera habar berenlerinde,


Debora Abynogamyň ogly Baragyň yzyndan adam iberip, Kedeş galasynyň Naftaly diýen ýerine çagyrtdy we oňa şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb saňa şeýle buýruk berdi: „Bar, naftalylardan we zebulunlardan on müň adamy ýanyňa al-da, olar bilen Tabor dagyna çyk.


Ol ýylyň ýylyna Beýtele, Gilgala, Mispa aýlanyp, şol ýerlerde Ysraýyly dolandyrardy.


Şamuwel olara: «Hemmäňiz Mispada ýygnanyşyň, men ol ýerde siz üçin Rebbe dileg etjek» diýdi.


Olar Mispada ýygnanyşdylar. Olar guýudan suw çekip, ony Rebbiň huzurynda ýere döküp: «Biz Rebbiň öňünde günä gazandyk» diýip, şol gün agyz beklediler. Şeýdip, Şamuwel Mispada ysraýyllara serdar boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ