Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 4:2 - Mukaddes Kitap

2 Gargyş we ýalançylyk, ganhorlyk, ogurlyk we zyna. Jenaýatçylyk artýar we gan üstüne gan dökülýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Гаргыш ве яланчылык, ганхорлык, огурлык ве зына. Җенаятчылык артяр ве ган үстүне ган дөкүлйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 4:2
42 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Kabyl öz dogany Habyla: «Ýör, çeträge çykaly» diýdi. Meýdanda Kabyl Habyla topulyp, ony öldürdi.


Ilatlar harama çykardy dünýäni, olar kanunlardan çykdylar, parzlary saklamadylar, ebedi ähti bozdular.


Eý, Ýakubyň nesli, gulak goý! Ysraýylyň ady bilen atlandyrylan, Ýahudanyň bilinden önen, siz, Rebden ant içýärsiňiz, ýatlaýarsyňyz Ysraýyl Hudaýyny, emma çyn ýürekden, dogrulyk bilen etmeýärsiňiz bulary.


Olaryň ýurdy Ysraýyl Mukaddesine garşy günälerden doly bolsa-da, özleriniň Hudaýy Hökmürowan Reb Ysraýyl bilen Ýahudany terk etmedi.


Çeşmeden suw nähili joşýan bolsa, bu şäherden-de pislik şeýle joşýandyr. Içinde eşidilýär zorluk hem zulum, hassalyk hem ýaralar bar görýänim.


Bularyň bary pygamberleriniň günäsi, ruhanylarynyň etmişi üçin boldy. Çünki olar şäheriň ortasynda dogruçyllaryň ganyny dökdüler.


Zynjyrlar ýasa! Ýurt ganly jenaýatdan, şäher zorlukdan doly.


Siz etmiş ekip, adalatsyzlyk orduňyz. Ýalanyň miwesinden iýdiňiz. Çünki siz öz ýoluňyza hem söweşijileriň köplügine baýryndyňyz.


Boş gepleýärler, ýalan kasam bilen äht edişýärler. Şoňa görä-de «adalatly» işleri zäherli ot ýaly, sürlen meýdanda birden peýda bolýar.


Efraýym ýalançylyk, Ysraýyl hile-mekirlik bilen daşymy gurşady. Ýahuda bolsa heniz Hudaý bilen ýöreýär. Mukaddes Bolana sadyk bolýar.


Efraýym Taňryny berk gazaplandyrdy. Şonuň üçin Taňry dökülen gany onuň başyna getirer. Onuň masgara işini özüne gaýtarar.


Bize gazylan garymy çuňaltdyňyz. Ýöne Men baryňyzy ýola salaryn.


Gilgat ýamanlaryň şäheri, gana boýalan aýak yzlaryndan doludyr.


Garakçylar adamy nähili peýleýän bolsa, Ruhanylaryň topary-da şeýle. Şekem ýolunda ganhorlyk edip, erbet jenaýata ulaşýarlar.


«Men Ysraýyla em etjek bolsam, Efraýymyň günäleri, Samariýanyň pislikleri aýan bolar. Çünki olar hile gurýarlar. Öýlere ogry girýär, köçede talaňçylyk edýärler.


Olar pisligi bilen patyşasyny, ýalançylygy bilen emeldarlaryny şatlandyrýarlar.


Olaryň hemmesi zynagärdirler, Çörekçiniň tamdyry ýaly gyzgyndyr. Ýugrulan hamyr ajaýança bişirijä ody gorjamak gerek däl.


Siz ýagşylygy ýigrenip, ýamanlygy söýýärsiňiz, halkymyň hamyny soýup, süýeginden etini sypyrýarsyňyz.


Muňa gulak asyň, eý, adalaty ýigrenip, hakykaty ýoýýan Ýakup nesliniň baştutanlary! Ysraýyl halkynyň ýolbaşçylary!


Öýlerini haram hazynalardan dolduran pisleri, Men nädip bilmezlige salaýyn? Kem ölçemek näletlidir.


Ýer ýüzünde wepadar galmady, ynsanlaryň arasynda dogruçyly ýok. Gan dökmek üçin bukuda ýatýar bary, dogan dogana duzak gurýar.


Gozgalaňçy, haram, zalym şäheriň dat gününe!


Ol maňa şeýle diýdi: «Bu bütin dünýä siňýän näletdir. Bu kagyzyň bir tarapynda ýazylyşy ýaly, ogurlyk eden sogrulyp taşlanjakdyr, beýleki tarapynda ýazylyşy ýaly bolsa, ýalandan ant içen kowlup çykaryljakdyr.


«Hökmürowan Reb şeýle diýdi: „Adalatly höküm çykaryň, biri-biriňizi söýüň we rehim-şepagatly boluň;


Şeýlelikde, ýer ýüzünde bigünä dökülen her bir dogry adamyň ganyna siz jogapkärsiňiz. Habylyň ganyndan başlap, ybadathana bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda siziň öldüren Berekýanyň ogly Zekarýanyň ganyna çenli siz jogapkärsiňiz.


Ata-babalaryňyzyň, heý, azar bermedik pygamberi barmy? Olar hatda Dogry Bolanyň geljegini öňünden pygamberlik edip aýdanlary-da öldürdiler. Siz bolsa bu dogry Ynsana haýynlyk edip ganyna galdyňyz.


Hudaýyň Rebbiň adyny boş ýere agzama, çünki Reb Öz adyny boş ýere agzan adamy jezasyz goýmaz.


Ýahudylar pygamberleri we Reb Isany öldürdiler, bizi bolsa gysyp çykardylar. Olar başga milletleriň-de halas bolmagy üçin wagyz edilýän Hoş Habara böwet bolmakçy bolýarlar. Ýahudylar Hudaýy närazy edip, hemme adamlara garşy çykýarlar. Şunlukda, olaryň günäleri hetden aşyp barýar. Hudaýyň gazaby eýýäm olaryň başyndan inendir.


Onsoň aýalyň Hudaýyň halkynyň we Isanyň şaýatlarynyň ganyny içip, serhoş bolanyny gördüm. Muny görüp, gaty geň galdym.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ