Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 4:16 - Mukaddes Kitap

16 Çünki Ysraýyl boýun egmezek göle ýaly hötjet boldy. Indi Reb olary otluk ýerde, giň örüde tokly bakan ýaly bakyp bilermi?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Чүнки Ысрайыл боюн эгмезек гөле ялы хөтҗет болды. Инди Реб олары отлук ерде, гиң өрүде токлы бакан ялы бакып билерми?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 4:16
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Atalarymyzyň günälerini bize ýükleme, bizi garşylamaga howluksyn Seniň rehimiň, çünki juda tapdan düşendiris biz.


aýlap-aýlap, top kimin bir giň ýurda taşlar. Sen ol ýerde ölersiň. Ajaýyp söweş arabalaryň ol ýerde galar. Öz jenabyňyň öýüni biabraý eden sensiň.


Reb ýere sepen tohumyňyz üçin ýagyş berer, ýer hasylynyň çöregi bol we bereketli bolar. Şol gün mal-garalaryňyz giň örülerde otlarlar.


Goýunlar öz örülerindäki ýaly otlarlar, owlak-guzular harabalyklaryň arasynda otlarlar.


Etmişlerimiz bize garşy şaýatlyk etse-de, Öz adyňyň hatyrasyna bir zat edäý, ýa Reb! Biziň dönükligimiz çökderdir juda, çünki biz Saňa garşy etdik günä.


Reb maňa şeýle diýdi: «Biwepa Ysraýyl haýyn Ýahuda garanda adyl bolup çykdy.


Ýoşyýa patyşanyň döwründe Reb maňa şeýle diýdi: «Sen biwepa Ysraýylyň eden zatlaryny gördüňmi? Her bir beýik baýyrda, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdi.


Men ähli eden zynalary üçin biwepa Ysraýylyň talagyny berip, kowup goýberenimde hem onuň haýyn uýasy Ýahudanyň hiç gorkmandygyny, gaýtam onuň hem loly bolup, zyna edendigini gördüm.


Men Efraýymyň nalaýan sesini eşitdim: „Men baş öwredilmedik öküz ýalydym. Sen maňa terbiýe berdiň, men sapak aldym. Meni dogry ýola sal, ýola geleýin, çünki meniň Hudaýym Reb Sensiň.


Şonuň üçin olaryň ýazyklarynyň sansyzdygy, dönükliginiň çökderdigi üçin tokaýdan arslan çykyp, olary parçalar, çölden bir möjek çykyp, olary heläklär. Şäherleriniň gapdalynda bir gaplaň bukuda ýatyp, kim ol ýerden daşa çyksa, bölek-bölek eder.


Emma olar diňlemediler, gulak asmadylar, gaýtam, kesirlik bilen öz ýaman niýetlerine kowalaşyp, pis ýüreklerine görä hereket etdiler. Ilerlemegiň deregine gaýra tesdiler.


Näme üçin bu halk ýoldan çykdy? Iýerusalim dyngysyz dönüklik edýär. Olar ýalana berk ýapyşyp, yza dolanmakdan boýun towlaýar.


Efraýym harman döwmegi söýýän öwrendikli gölä meňzeýärdi. Men onuň owadan boýnuna boýuntyryk salmadym. Indi Efraýyma boýuntyryk salaryn. Ýahuda ýer sürer, Ýakup bolsa mala basar».


Galalarynda gylyç ýalawlanyp, derweze gözeneklerini gyrar, olary niýeti-pälleri sebäpli ýok eder.


Menden dänmek pikiri halkymyň ýüregine kök urdy. Beýik Hudaýy çagyrsalar-da, olara hiç medet bermez.


Men sizi gelmişek milletleriň arasyna pytradyp, garşyňyza uruş turzaryn. Siziň ýurduňyz çolaryp, galalaryňyz haraba öwrüler.


Ýöne Meniň halkym boýnuýogynlyk edip, bu sözlere gulak asmadylar, eşitmejek bolup gulaklaryny dykdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ