Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 4:14 - Mukaddes Kitap

14 Siziň azgynlyk eden gyzlaryňyza, zyna eden gelinleriňize jeza bermerin. Çünki erkekleriňiz lolynyň tarapynda bolýarlar. Seždegähdäki loly bilen gurbanlyk edýärler. Düşünjesiz halk bolsa heläk bolýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Сизиң азгынлык эден гызларыңыза, зына эден гелинлериңизе җеза бермерин. Чүнки эркеклериңиз лолының тарапында болярлар. Сеждегәхдәки лолы билен гурбанлык эдйәрлер. Дүшүнҗесиз халк болса хеләк боляр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 4:14
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Asa seždegähleriň azgyn erkeklerini ýurtdan çykaryp, öz ata-babalarynyň ýasan ähli butlaryny ýok etdi.


Ýoşyýa Rebbiň öýünde bolan azgyn erkekleriň öýlerini-de ýykdy. Ol ýerde aýallar Aşera üçin dokma işlerini edýärdiler.


Ýaman adamlar adalata düşünýän däldir, Rebbi agtarýanlar bolsa oňa doly düşünýändir.


Näme üçin ýene-de jeza gözleýärsiňiz? Näme üçin başbozarlygyňyzy bes etmeýärsiňiz? Başyňyz bütinleý ýaralanan, ýüregiňiz durşuna solup-saralan.


Pudaklary gurap döwler, aýallar gelip, olary ýakarlar. Bu halk düşünmeýän halkdyr; şonuň üçin Ýaradany olara rehim etmez, Döredijisi olara merhemet görkezmez».


Doýanyny bilmeýän açgöz itlerdir olar. Olar düşünjesiz çopanlardyr; hersi öz ýoly bilen gidýär, her kes öz bähbidini araýar.


Köpüsi günälerinden saplanar, köpüsi päklenip aklanar, emma ýaramaz adamlar şer işlerinden dönmezler. Ýaramaz adamlaryň hiç biri-de düşünmez, ýöne akylly adamlar düşünerler.


Eý, Efraýym, butlar bilen işim ýok. Dilegiňe jogap berip, ybadatyňa seredýän Mendirin. Men mydam ýaşyl serwi ýalydyryn. Seniň bar miweleriň Menden geler».


«Eý, ysraýyl halky, Rebbiň sözüni eşit, çünki bu ýurtda ýaşaýanlar bilen Rebbiň dawasy bar. Sebäbi ýurtda wepalylyk-da, söýgi-de, Hudaýy tanamaklyk-da ýok.


Bularyň eden işleri Hudaýa dolanmaga goýmaýar. Çünki olaryň kalbynda zyna ruhy bar. Rebbi hem tanamaýarlar.


Pukaralaryň başyny toprak astynda depgiläp, ezilenleri ýoldan itekläp aýyrýarlar. Ogly-da, atasy-da bir aýalyňka gidip, mukaddes adymy harlaýarlar.


Şonuň üçin Reb şeýle diýýär: „Aýalyň şäherde loluçylyk eder, ogul-gyzlaryň gylyçdan geçiriler, ölçeg ýüpi bilen ýeriň paýlanylar, özüňem haram ýurtda ölersiň, ysraýyl halky öz ýurdundan ýesir edilip äkidiler“».


Şeýdip, ysraýyllar Bagalpegor butuna özlerini bagyş etdiler. Ysraýyllaryň garşysyna Rebbiň gahary geldi.


Näme üçin Meniň aýdýanlaryma düşünmeýärsiňiz? Sebäbi siz Meniň aýdýanlarymy diňlemegi başarmaýarsyňyz.


Düşünýän asla ýok, Hudaýy agtarýan-da ýok.


Eýsem siz özüni loly bilen birikdireniň onuň bilen bir ten bolýandygyny bilmeýärsiňizmi? Çünki Töwratda: «Ikisi bir ten bolýar» diýip ýazylgydyr.


Olaryň aň-düşünjesini garaňkylyk gaplady. Nadan we doňýürek bolandyklary üçin, olar Hudaýyň beren durmuşyndan mahrum boldular.


Ysraýyl gyzlarynyň hiç biri sežde edilýän ýerde azgyn aýal bolup işlemesin. Ysraýyl ogullarynyň hem hiç biri munuň ýaly iş etmesin.


Eger Hudaý sizi hemmeleri terbiýeleýşi ýaly terbiýelemese, onda siz Hudaýyň perzendi däl-de, çöp düýbüsiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ